Nýu-Ýorkda dünýäde ilkinji “kitapsyz kitap dükany” — Audible Story House açylar


Audible (Amazon kompaniýasynyň golçur kärhanasy) Nýu-Ýorkda täze taslamany yglan etdi. Audible Story House atly bu giňişlik kagyz kitaplardan doly ýüz öwrüp, immersiw audio formatyna esaslanýar. Bu ýerde kitaplary satyn almak däl-de, olary “duýmak” mümkin.
Täze görnüşli bu dükana söwda nokady hökmünde däl-de, ýokary tehnologiýaly jemgyýetçilik giňişligi hökmünde garalýar. Adaty kitap tekjeleriniň ýerine, myhmanlara iň soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýedi sany ýörite diňlemek zolagy hödürlenýär.
Bu ýeriň esasy aýratynlygy — sesiň hili. Her bir zona Sony nauşnikleri bilen üpjün edilip, Dolby Atmos tehnologiýasyny goldaýar. Bu bolsa diňleýjä diňe bir teksti kabul etmäge däl-de, eýsem eseriň içinde bolýan ýaly täsir döredýär.
Taslama kimler üçin?
Audible Story House häzirki zaman diňleýjileri üçin niýetlenendir, olar şulary makullaýarlar:
• Rahatlyk: şäheriň sesinden dynyp, rahat ýagdaýda dynç almak mümkinçiligi.
• Innowasiýa: öňdebaryjy audio çözgütlerini synap görmek.
• Jemgyýetçilik: bu ýer podkastlary we audio kitaplary söýýänleriň duşuşyk nokady hökmünde garalýar.
Adaty däl giňişligiň açylyşy şu ýylyň maý aýyna meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda hyzmat konseptual wizual şekilleri hödürledi, olar bolsa futuristik dizaýny görkezýär. Nýu-Ýorka sapar meýilleşdirýänler üçin resmi saýtda takyk salgysy we iş wagty görkezilýär.
Audible taslamasy şäher arhitekturasynda täze tendensiýanyň başlangyjy bolup biler, sebäbi ol adaty kitap dükanlaryny interaktiw media merkezlerine öwürýär.
ORIENT








