HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Batumi şäherinde geçiriljek Argus konferensiýasyndaky ýokary derejeli logistika babatynda hyzmatdaşlyk we terminallara saparlar

Aprel 10, 2026 | 00:05 |6231
2026-njy ýylyň 14–15-nji maýynda Batumi şäherinde geçiriljek Argus Gara deňizi we Hazar deňziniň esasy terminallary hem-de  logistika konferensiýasy170-den gowrak ýük daşaýyjylary, eksport amallaryny aşyrýanlary, öňdebaryjy ulag kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny, logistika hünärmenleri we söwdagärleri bir ýere jemlär2026-njy ýylyň 14–15-nji maýynda Batumi şäherinde geçiriljek Argus Gara deňizi we Hazar deňziniň esasy terminallary hem-de  logistika konferensiýasy170-den gowrak ýük daşaýyjylary, eksport amallaryny aşyrýanlary, öňdebaryjy ulag kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny, logistika hünärmenleri we söwdagärleri bir ýere jemlär
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 14–15-nji maýynda Batumi şäherinde geçiriljek Argus Gara deňizi we Hazar deňziniň esasy terminallary hem-de logistika konferensiýasy170-den gowrak ýük daşaýyjylary, eksport amallaryny aşyrýanlary, öňdebaryjy ulag kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny, logistika hünärmenleri we söwdagärleri bir ýere jemlär.

Olar Merkezi Aziýa, Hazar–Gara deňiz sebitleri we Gündogar Ýewropa boýunça ýük daşamalaryndaky meseleleri hem-de täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Konferensiýa logistika pudagyndaky esasy ugurlara we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdiriler. Bu çäre uly aýlaklarda ýük daşama çäklendirmeleriniň we bökdençlikleriniň artýan döwründe örän möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi çäre üpjünçiligiň durnuklylygyna we ýük çykdajylaryna gönüden täsir edýän şertlerde başga ulag ugurlary barada gymmatly maglumatlary hödürlär.

Çäräniň dowamynda suwuk, gury we konteýnerleşdirilen ýükler ýaly esasy ýük görnüşleriniň ählisi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Esasy üns Hazar–Gara deňiz geçelgesindäki logistika akymlaryna we infrastruktura beriler.

Häzirki güne çenli gatnaşjak taraplaryň hatarynda Black Sea Petroleum, PTC Holding, BMF Port Burgas, Indorama, KPO, KazAzot, KPLER, Chevron, Uzkimyoimpeks, TEXOL Group, Rompetrol, Petrocas Energy Group, Maersk Georgia, Wondernet Express Investment Group, SOCAR Midstream Operations, Tricon Energy, Kazphosphate, Hexagon Trading, Aztransrail, Aditya Birla Global Trading we beýleki kompaniýalaryň wekilleri bar.

Konferensiýa üçin hasaba alyş:

https://www.argusmedia.com/en/events/conferences/logistics-batumi/registration?utm_source=turkmencongress&utm_medium=referral&utm_campaign=fsu-evc-2026-05-tra&utm_content=release

Terminal saparlary we amaly maglumatlar

Gatnaşyjylar Gruziýanyň esasy terminallaryna we logistika desgalaryna baryp görmek mümkinçiligine hem eýe bolarlar. Bu saparlar olara desgalaryň işi we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada amaly düşünje berer. Şol sanda:

• Poti TransTerminal (PTC Holding) — konteýner terminaly, Poti porty

• Wondernet Express Investment Group we Trammo Inc — dökün terminaly, Batumi porty

• Petrocas Energy Group — nebit önümleri terminaly, Poti porty

Gün tertibinde Gara we Hazar deňiz sebitlerinde logistika hem-de infrastruktura ösüşi bilen bagly iň möhüm meseleler hem aýratyn orun alar. Gatnaşyjylar diňe bir bazaryň iň soňky çaklamalary bilen tanyşman, eýsem terminallaryň kuwwatlyklaryna baha bermäge, logistika zynjyrlarynyň has netijeli guramagy, şeýle hem öz işleri üçin täze ugurlar hem-de kämilleşdirmek üçin mümkinçilikler bilen tanyşarlar.

Ara alyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklar:

• Gara we Hazar deňiz terminallarynyň ýagdaýy: sebitiň terminal we logistika pudaklarynyň umumy ýagdaýy

• Gury ýük logistikasy: dökünler, kükürt we oba hojalyk harytlary

• Gara deňiz arkaly çig nebiti eksport etmek akymlary we degişli infrastruktura

• Nebit önümleri üçin logistika: gaýtadan işleýän desgadan eksport terminalyna çenli ýol

• Geljekki ösüş üçin demir ýol we port infrastrukturasyna maýa goýumlary

Has giňişleýin maglumat we konferensiýa hasaba alyş:

https://www.argusmedia.com/en/events/conferences/logistics-batumi/registration?utm_source=turkmencongress&utm_medium=referral&utm_campaign=fsu-evc-2026-05-tra&utm_content=release

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

Türkmenistanyň alty bilim edarasy ilkinji gezek döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçdi

14:19 Iýun 18, 2026
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026