HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmengaz» döwlet konserni enjamlary we materiallary satyn almak boýunça açyk tender yglan edýär

Aprel 10, 2026 | 00:40 |8922
«Türkmengaz» döwlet konserni konserniň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-019 belgili açyk tender yglan edýär. Tender 2026-njy ýylyň 8-nji apreli bilen 20-nji maýy aralygynda geçiriler«Türkmengaz» döwlet konserni konserniň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-019 belgili açyk tender yglan edýär. Tender 2026-njy ýylyň 8-nji apreli bilen 20-nji maýy aralygynda geçiriler
Çeşme: oilgas.gov

«Türkmengaz» döwlet konserni konserniň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-019 belgili açyk tender yglan edýär. Tender 2026-njy ýylyň 8-nji apreli bilen 20-nji maýy aralygynda geçiriler.

Tenderiň lotlary:

Lot № 2 - «Tehnologik enjamlar»;

Lot № 3 - « Elektrotehniki enjamlar, gözegçilik-ölçeg abzallary we kabel önümleri»;

Lot № 5 - «Himiýa önümleri».

Gatnaşmak şertleri:

Tenderde diňe tender resminamalarynda bellenen talaplara laýyk gelýän önüm öndürijiler gatnaşyp bilerler. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da şeýle zolaklarda hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler:

• kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

• "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

• lotlaryň häsiýetnamasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Tenderde gatnaşmagyň tölegi bir lot üçin 500 ABŞ dollary ýa-da onuň manatda ekwiwalenti bolup, bu tölege goşulan baha üçin salgyt (GBS) hem-de bank çykdajylary girmeýär.

Teklipleriň tabşyrylmagy:

Tender teklipleri ýerli wagt bilen 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-a çenli kabul edilýär. Giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Teklipler degişli möhür bilen berkidilen ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Bukjanyň içinde anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatda) hem-de tehniki-ykdysady häsiýetnamasy (Excel formatda) bolmalydyr.

Habarlaşmak üçin:

E-poçta: info@turkmengaz.gov.tm

Telefon belgiler: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026