HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aragatnaşyk pudagynyň wekilleri Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen boş iş orunlary hödürlemek çäresine gatnaşdylar

Aprel 08, 2026 | 23:50 |8340
Şu gün, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyplaryň, döwlet edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda boş iş orunlary hödürlemek çäresi geçirildiŞu gün, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyplaryň, döwlet edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda boş iş orunlary hödürlemek çäresi geçirildi
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyplaryň, döwlet edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda boş iş orunlary hödürlemek çäresi geçirildi.

Çäre 2026-njy ýylyň uçurymlaryna gönükdirildi. Oňa institutyň ýolbaşçylary we mugallymlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň hünärmenleri we telekeçiler gatnaşdylar.

Çäräniň çäginde iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň, degişli edaralaryň hem-de talyp jemgyýetiniň wekilleri çykyş etdiler. Esasy üns hünär taýýarlygy, iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk hem-de ýaş hünärmenleriň işe ýerleşmek mümkinçiliklerine gönükdirildi.

Çäräniň maksatnamasynda aragatnaşyk pudagynyň wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olar talyplara pudagyň ösüşi boýunça häzirki zaman maglumatlaryny ýetirdiler. Hünärmenler tehnologik ösüşiň häzirki ugurlary, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de sanlylaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler, bu bolsa uçurymlarda uly gyzyklanma döretdi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar soňky ýyl talyplarynyň taslamalary we programma üpjünçilik işläp taýýarlamalary bilen tanyşdylar. Sergi institutyň giriş zalynda guraldy.

Boş iş orunlary hödürlemek çäresi uçurymlar üçin hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak we geljekde işe ýerleşmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026