HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Antarktidada 3413 metr çuňlukda gyzgyn suw bilen guýyny burawlap, dünýä rekordyny goýdy

Aprel 08, 2026 | 23:35 |4808
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň 42-nji Antarktika ekspedisiýasy Gündogar Antarktidada ýerleşýän buz astyndaky Silin kölüniň üstündäki buz gatlagynda 3413 metr çuňluga çenli guýyny burawlap, täze dünýä rekordyny goýdy. Şeýlelikde, öňki 2540 metrlik halkara rekordy geçildi.

Bu üstünlik 5-nji fewralda 28 adamdan ybarat topar tarapyndan, Çžunşan stansiýasyndan 640 kilometr uzaklykda gazanyldy we Hytaýyň Antarktidada gyzgyn suw bilen burawlamak boýunça ilkinji üstünlikli synagy boldy. Bu üstünlik ýurduň Antarktika buz gatlagynyň 90 göteriminden gowragynda we ähli Arktika buz gatlagynda çuň buraw işleri geçirmek ukybyny görkezýär.

“Öň gyzgyn suw bilen burawlamagyň çuňluk rekordy ABŞ we beýleki Günbatar ýurtlary tarapyndan takmynan 2500 metr derejesinde goýlupdy. Bu gezek Hytaý ilkinji şeýle taslamasynda 3400 metrden gowrak netije gazandy. Bu uly öňegidişlik bolup, häzirki wagtda dünýä rekordydyr”, — diýip, Hytaýyň 42-nji Antarktika ekspedisiýasynyň çäklerinde buz astyndaky kölüň öwrenilişi boýunça toparyň ýolbaşçysy Go Szinsýue aýtdy.

Suratlar toplumy buraw işleriniň gidişini hakyky wagtda görkezdi, her 100 metr çuňluk bellikleri çap edilip, dolandyryş kabinasynda ýerleşdirildi. Toparyň agzalary dünýä rekordynyň geçilen pursdyny “täsirli” diýip häsiýetlendirdiler, emma olaryň bellemegine görä, iň uly buýsanç “Hytaýyň öz taryhyny döretmekden” gelip çykdy.

“Biz dünýä rekordyny täzelänimizde örän begendik. Soňra her goşmaça 100 metr bilen bu duýgy peseldi, sebäbi biziň üçin esasy zat — hytaýlylar hökmünde öz taryhymyzy döretmekdi”, — diýip, toparyň agzasy Gun Da aýtdy.

Bu synag netijesinde netijeli, durnukly we arassa buraw tehnologiýasy gazanyldy hem-de polýar şertlerinde gyzgyn suw bilen burawlamak boýunça içerki tehnologiýadaky boşluk dolduryldy.

Alymlar bu ulgamyň iň kyn polýar şertlerinde hem durnukly işleýändigini we geljekki ylmy barlaglar, şol sanda ýerinde gözegçilikleri geçirmek we buz astyndaky köllerden nusgalar almak üçin möhüm tehniki goldaw berjekdigini aýtdylar.

“Tehniki taýdan seredeniňde, biziň gyzgyn suw bilen buraw ulgamymyz agyr polýar şertlerinde ygtybarlydygyny subut etdi. Bu bolsa geljekki ylmy barlaglar üçin möhüm tehniki esas we goldawdyr”, — diýip, Go aýtdy.

Gyzgyn suw bilen burawlamak polýar barlaglarynda öňdebaryjy usul hasaplanýar. Adaty mehaniki buraw bilen deňeşdirilende, bu usul has çalt burawlamagy üpjün edýär, buza az täsir edýär we uly diametrli guýulara has arassa girmegi üpjün edýär. Şeýle-de bu usul alymlara buz astyndaky köllere, şelf buzlarynyň aşaky gatlaklaryna we ýer jynslarynyň serhetlerine ýetmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerler bolsa Ýeriň howa taryhyny öwrenmek, geljekdäki üýtgeşmeleri çaklamak we ýaşaýşyň çäklerini öwrenmek üçin möhüm hasaplanýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026