HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başyny çekdi

Aprel 08, 2026 | 17:19 |6633
7-nji aprelde Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi belledi. Baýramçylygyň esasy wakasy Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişi boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow badalga berdi7-nji aprelde Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi belledi. Baýramçylygyň esasy wakasy Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişi boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow badalga berdi
Çeşme: orient.tm

7-nji aprelde Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi belledi. Baýramçylygyň esasy wakasy Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişi boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow badalga berdi.

Irden sport çäresine gatnaşyjylar Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanynda ýygnandylar. Döwlet Baştutany bilen bilelikde hökümet agzalary, parlamentiň, ministrlikleriň ýolbaşçylary, diplomatlar, talyplar we ýaş türgenler ýörişe ganaşdylar.

Welosipedli ýöriş paýtagtyň gözel şaýollarynyň biri bolan Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça dowam etdi. Gatnaşyjylar üçin bu diňe bir ýöriş däl-de, eýsem hakyky baýramçylyk boldy: ýoluň ugrunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyrylyp, şäheri aýdym-saz we şatlyk-şowhun bilen doldurdy.

Döwlet Baştutanynyň welosipedli ýörişe gatnaşmagy — bu diňe bir beden taýdan kämildiginiň şahsy nusgasy bolman, eýsem, Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň maksatlaryna ygrarlydygynyň subutnamasydyr. Bu ugurda alnyp barylýan işler eýýäm özüniň anyk netijelerini berýär. Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň 2023–2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy we başgalar munuň aýdyň mysallarydyr.

Türkmenistanda welosiped ekologik taýdan pikirlenmegiň nyşanyna öwrüldi. Köpçülikleýin ýörişler giň gerimli Milli tokaý maksatnamasynyň üstüni ýetirýär: müňlerçe adam ekologik taýdan arassa ulagy saýlaýan wagty, ýurduň tutuş çäginde millionlarça nahal oturdylýar. Bu biziň ählumumy howanyň üýtgemegine garşy göreşe we durnukly ösüşe goşýan goşandymyzdyr.

Şol gün aýratyn üns ösüp gelýän ýaş nesle gönükdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň gaznasynyň alyp barýan işleri netijesinde, sport we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary howandarlyga mätäç her bir çaga üçin elýeterli bolýar.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Marafonyň pellehanasy halkyň saglygynyň döwlet syýasatynyň iň ýokary ileri tutulýan ugrudygyň aýdyň tassyklanmasyna öwrüldi. Bu gün baýramçylyk sport çäreleri täze Arkadag şäherinden başlap, ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerine çenli — tutuş ýurdy gurşap aldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026