HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wan I we Lawrow Ýakyn Gündogarda dartgynlygy peseltmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Aprel 06, 2026 | 22:31 |5516
Çeşme: orient.tm

Hytaý Ýakyn Gündogarda dartgynlygy peseltmek, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem dünýä howpsuzlygyny goldamak maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň çäklerinde Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada ýekşenbe güni Hytaýyň daşary işler ministri, şol bir wagtda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy bolan Wan I aýtdy. Ol bu beýanaty Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçirilen telefon gürrüňdeşliginde aýtdy.

Wan I Hytaý bilen Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary hökmünde adalatlylyk ýörelgelerine eýermelidigini, obýektiw we deňagramly çemeleşmäni ulanmalydygyny hem-de halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyny gazanmaga çalyşmalydygyny nygtady. Şeýle hem ol Hytaýyň halkara we sebit meselelerini dialog hem-de gepleşikler arkaly çözmegi hemişe goldaýandygyny ýatlatdy.

Wan Iniň aýtmagyna görä, Ýakyn Gündogardaky ýagdaý henizem ýaramazlaşýar we harby hereketler güýçlenýär. Ol Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýolunyň tiz wagtda ýaragly atyşyklary bes etmekden we urşy tamamlamakdan ybaratdygyny aýtdy.

Öz gezeginde Sergeý Lawrow Russiýanyň Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň ýokarlanmagyna çuňňur alada bildirýändigini aýtdy. Ol harby hereketleri dessine togtatmagyň we dawa-jenjeliň düýp sebäplerini aradan aýyrmak üçin syýasy hem-de diplomatik gepleşiklere dolanmagyň zerurdygyny belledi. Lawrow Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň bu ugurda konstruktiw orun tutmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ministr Russiýanyň Hytaý bilen ýakyn aragatnaşygy we utgaşdyryşy dowam etdirmäge, ýaragly atyşyklary bes etmek we urşy tamamlamak ugrunda tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026