HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Kazan Halal Market 2026 ýarmarkasynda milli önümlerini tanyşdyrar

Aprel 08, 2026 | 23:05 |6295
Türkmen öndürijileri «Halal» kategoriýasyna degişli önümleri bilen Russiýanyň iň uly söwda meýdançalarynyň biri bolan halkara Kazan Halal Market ýarmarkasyna gatnaşarlar. Bu çäre 2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäginde geçirilerTürkmen öndürijileri «Halal» kategoriýasyna degişli önümleri bilen Russiýanyň iň uly söwda meýdançalarynyň biri bolan halkara Kazan Halal Market ýarmarkasyna gatnaşarlar. Bu çäre 2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäginde geçiriler
Çeşme: tatar-inform.ru

BIZNES | ORIENT. Türkmen öndürijileri «Halal» kategoriýasyna degişli önümleri bilen Russiýanyň iň uly söwda meýdançalarynyň biri bolan halkara Kazan Halal Market ýarmarkasyna gatnaşarlar. Bu çäre 2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäginde geçiriler.

«Tatar-inform»-yň habar bermegine görä, Türkmenistandan, Iordaniýadan we beýleki Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlardan gatnaşyjylaryň boljakdygyny Tatarystanyň Maýa goýumlaryny ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, marketiň gerimi iýmit önümlerinden başlap ýokary moda we öý üçin harytlara çenli dürli bazar pudaklaryny öz içine alyp, ýylsaýyn giňelýär. Görkezilýän ähli önümler «Halal» hil sertifikatyna eýe bolmalydyr. Gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy 2026-njy ýylyň 15-nji apreline çenli dowam edýär.

Kazan şäherindäki bu ýarmarka gatnaşmak diňe bir göni satuwlary amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem Russiýanyň musulman sebitleriniň köp millionly bazaryna çykmaga mümkinçilik döredýär. Türkmen egin-eşik brendleri we ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürijiler üçin bu çäre KazanForum-yň işewürlik maksatnamasynyň çäginde uly göwrümli sargytçylary we distribýutorlary tapmak üçin möhüm mümkinçilikdir.

2026-njy ýylda Kazan şäheri Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýen hormatly ada eýe bolup, bu forumyň we ýarmarkanyň halkara ähmiýetini has-da artdyrýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026