HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

Aprel 04, 2026 | 22:30 |11288
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri M.Sarjweladzäniň arasynda duşuşyk geçirildi.2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri M.Sarjweladzäniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri M.Sarjweladzäniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygy Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory I.Natroşwili we I.Kutateladze adyndaky Farmakohimiýa institutynyň direktory M.Getiýa gatnaşdylar.

turkmenistan-georgia-pharmaceutical-medical-cooperation (2).jpg

Duşuşygyň barşynda taraplar derman senagaty, lukmançylyk barlaglary we saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem dermanlyk ösümliklerini öwrenmek we saglygy goraýyşyň häzirki zaman usullaryna möhüm goşundy hökmünde fitoterapiýany ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçdiler. Netijeli we howpsuz derman serişdelerini işläp düzmek üçin ösümlikleriň düzümlerini ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Ilçi dermanlyk ösümlikleriň saglyga şypalylygynyň aýratynlyklary, olaryň ylmy we halk lukmançylygynda ulanyşy barada giňişleýin maglumatlary beýan edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly 17 jiltli kitaby munuň aýdyň mysalydygyny belledi.

turkmenistan-georgia-pharmaceutical-medical-cooperation (3).jpg

Duşuşyga gatnaşyjylar ugurdaş pudaklaryň arasyndaky ylmy-amaly taýdan özaragatnaşyklary berkitmegiň wajyplygyny nygtadylar, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Ilçi institutyň çägine aýlanyp, bu institutyň döwrebap enjamlary, şeýle hem ylmy we barlag işleri bilen tanyşdy. turkmenistan-georgia-pharmaceutical-medical-cooperation (4).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026