Energiýany saklamagyň täze kuwwatlyklary 2030-njy ýyla çenli 370 gigawatdan geçer
Sişenbe güni çap edilen energiýany saklamak pudagy baradaky seljerme hasabatyna görä, Hytaýda energiýany saklamagyň täze görnüşleriniň umumy kuwwatynyň 2030-njy ýyla çenli 370 gigawatdan (GWt) geçjekdigi çaklanýar. Bu bolsa 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýetilen 144,7 GWt görkezijisinden 1,5 esseden hem köpdür.
2026-njy ýyla çenli energiýany saklamak pudagy baradaky seljerme hasabatyna görä, 14-nji bäşýyllygyň iň soňky ýyly bolan 2025-nji ýylda Hytaý energiýany saklamagyň 66 million kilowat täze kuwwatyny goşdy, bu bolsa bir ýyl ozalky görkezijiden 51,9 göterim köpdür. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtda energiýany saklamagyň täze görnüşli ulgamlarynyň umumy gurnalan we ulanylýan kuwwaty 136 million kilowatta ýetdi, bu bolsa 2024-nji ýylyň ahyryndaky görkezijiden 84 göterim ýokarydyr. Bu görkeziji 13-nji bäşýyllygyň (2016-2020-nji ýyllar) ahyryndaky netijelerden 40 esseden hem köp bolup, Hytaýy bu ugurda dünýäde birinji orna çykarýar diýlip «ak kitapda» bellenilýär.
«Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýynyň artmagy bilen, energiýany has uzak möhletleýin saklamaga bolan isleg hem ösýär. 2030-njy ýyla çenli umumy gurnalan kuwwatyň ortaça iş dowamlylygy häzirki 2,58 sagatdan 3,47 sagada çenli ýokarlanar» — diýip, Hytaý ylymlar akademiýasynyň Inženerçilik termofizikasy institutynyň direktory Çen Haýşen aýtdy.
«Ak kitapda» täze energiýa önümçiliginiň artmagy bilen, Hytaýyň energetika ulgamynyň iş dowamlylygyny sazlaýjy serişdelere has ýiti mätäçlik çekýändigi nygtalýar. 2030-njy ýyla çenli energiýany saklamagyň ortaça dowamlylygynyň takmynan 3,5 sagada geçmegi, uzak möhletleýin saklamagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny senagatlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açar.
Seljerme hasabatynda bellenilişi ýaly, energiýany saklamagyň täze ulgamlary energiýa üpjünçiligini deňagramlaşdyrmak üçin goşmaça serişde bolmakdan çykyp, çalt depginler bilen Hytaýyň energetika ulgamynyň esasy düzüm bölegine öwrülýär.








