HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Wan I we Kaýa Kallas Ýakyn Gündogardaky ýagdaý barada maslahatlaşdylar: Pekin BMG-niň çözgütleri arkaly dartgynlygy peseltmegiň tarapdary

Aprel 03, 2026 | 22:00 |4756
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hereketleriniň rugsatsyz harby hereketlere hukuk taýdan gorag bolmaly däldigini, şeýle hem dartgynlygy güýçlendirmeli ýa-da konfliktiň ýitileşmegine getirmeli däldigini aýtdy.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy bolan Wan I bu beýany Ýewropa Komissiýasynyň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.

Kaýa Kallas Ýakyn Gündogardaky ýagdaý boýunça öz garaýşyny paýlaşdy we Hytaýyň konflikti düzgünleşdirmek boýunça alyp barýan diplomatik tagallalaryna ýokary baha berdi. Hususan-da, ol Hytaýyň Pakistan bilen bilelikde Pars aýlagynda we Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmek maksady bilen öňe süren bäş maddaly başlangyjyny belledi. Kallas Ýewropanyň urşa gatnaşmaýandygyny, emma onuň netijelerinden zyýan çekýändigini aýtdy. Ol dartgynlygyň tiz wagtda peseldilmegine, dialogyň we gepleşikleriň täzeden başlanmagyna umyt bildirdi. Şeýle hem Ýewropa tarapy Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwerlik amallaryny, parahat ilatyň we harby däl desgalaryň goragyny goldaýar hem-de Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawynyň üpjün edilmegi üçin ähli tagallalary etmäge taýýar.

Wan I halkara durnuksyzlygynyň şertlerinde Hytaý bilen Ýewropanyň aragatnaşyklary we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça umumy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Birleşen Milletler Guramasyna esaslanýan halkara ulgamy we halkara hukugyna daýanýan tertibi goldamak möhümdir. Ministr Ýakyn Gündogar boýunça Hytaýyň garayny jikme-jik düşündirdi. Ol bäş maddaly başlangyjyň giň halkara ylalaşygy beýan edýändigini nygtady. Onuň esasy ugurlary harby hereketleriň bes edilmegini, parahatçylyk gepleşikleriniň tiz wagtda başlanmagyny, harby däl desgalaryň we gämi gatnaw ýollarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň ileri tutulmagyny öz içine alýar.

Wan I ýaragly atyşyklaryň bes edilmeginiň halkara jemgyýetçiligiň gyssagly çagyryşydygyny we Ormuz bogazy arkaly howpsuz gämi gatnawynyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy. Onuň pikirine görä, ähli taraplar has uly ylalaşyk gazanmak ugrunda çalyşmaly we bu maksada ýetmek üçin şertleri döretmeli. Hytaý Ýewropa bilen aragatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, harby hereketleriň bes edilmegine we sebitde parahatçylygyň dikeldilmegine ýardam bermäge taýýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar hytaý-ýewropa gatnaşyklaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Wan I Hytaýyň ösüşiniň Ýewropa üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny, Ýewropanyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň bolsa Hytaý bilen baglanyşykly däldigini aýtdy. Ol proteksionizmiň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaýandygyny, Hytaý bilen gatnaşyklary üzmegiň bolsa mümkinçilikleri ýitirmekdigini nygtady. Ministr Ýewropanyň Hytaýa ähli taraplaýyn we obýektiw garaýyş bilen seretjekdigine hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dogry ugruny goldajakdygyna umyt bildirdi.

Kaýa Kallas öz gezeginde Ýewropanyň Hytaýy möhüm hyzmatdaş hökmünde görýändigini, gatnaşyklary üzmek niýetiniň ýokdugyny we taraplaryň arasynda dialogyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026