HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Energetika dialogynyň giňeldilmegi: Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumynda gatnaşýar

Aprel 03, 2026 | 12:20 |7125
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyn paýtagtynda «Energoprom-2026» Kazan halkara elektroenergetika forumy geçirilýärRussiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyn paýtagtynda «Energoprom-2026» Kazan halkara elektroenergetika forumy geçirilýär
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 1-3-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyn paýtagtynda «Energoprom-2026» Kazan halkara elektroenergetika forumy geçirilýär. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow ýolbaşçylyk edýär.

Энергопром-2026

«Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirilýän çärä Russiýa Federasiýasynyň we daşary ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, GDA agza döwletleriň energetika ministrleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, iri energiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy enjam öndürijiler gatnaşýarlar.

Энергопром-2026

Forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen elektroenergetika sergisi guralyp, bu ýerde 100-den gowrak kompaniýalar döwrebap tehnologik çözgütleri, şol sanda gaz turbinalaryny we täze elektrotehnika enjamlaryny hödürleýär. Çärä gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge, tejribe we tehnologiýalary alyşmaga, şeýle hem pudagyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän energetika giňişligini döretmäge aýratyn üns berýärler.

Энергопром-2026

Mälim bolşy ýaly, iň täze tehnologiýalary we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly, Türkmenistan häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasaty alyp barýar. Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar, halkara guramalary, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Энергопром-2026

Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri işe girizildi.

Forumyň çäklerinde GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda energiýa ulgamlaryny utgaşdyrmak, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, sanlylaşdyrmak we energetika infrastrukturasynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.


2-nji aprelde Kazan şäherinde elektroenergetika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika ministri bilen Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Sergeý Siwilewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-rus energetika dialogynyň geljegini – energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatyndaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026