HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Joan Rouling täze “Harry Potter” serialy barada: “Ol ajaýyp bolar”

Aprel 02, 2026 | 00:50 |6554
25-nji martda HBO kompaniýasy täze “Harry Potter” serialynyň mahabatyny hödürledi. Bu mahabat ýazgysynda tomaşaçylar Joan Rouling tarapyndan döredilen meşhur jadyly dünýäniň täzeçe beýanyny ilkinji gezek synlap bildiler25-nji martda HBO kompaniýasy täze “Harry Potter” serialynyň mahabatyny hödürledi. Bu mahabat ýazgysynda tomaşaçylar Joan Rouling tarapyndan döredilen meşhur jadyly dünýäniň täzeçe beýanyny ilkinji gezek synlap bildiler
Çeşme: Orient.tm

25-nji martda HBO kompaniýasy täze “Harry Potter” serialynyň mahabatyny hödürledi. Bu mahabat ýazgysynda tomaşaçylar Joan Rouling tarapyndan döredilen meşhur jadyly dünýäniň täzeçe beýanyny ilkinji gezek synlap bildiler.

Britan ýazyjysy eýýäm sosial ulgamlarda mahabat baradaky duýgylaryny paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, wideo oňa örän ýarady, serialyň özi bolsa ajaýyp bolmaly.

Rouling kitaplarynyň täzeçe beýan edilmegini tomaşaçylara hödürlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

HBO-dan serialyň premýerasy dekabr aýynyň ahyryna meýilleşdirildi. Birinji möwsümi sekiz bölümden ybarat bolup, “Filosofik daşyň” hekaýasyny beýan eder.

Filmiň düşürilmegi Beýik Britaniýada eýýäm tamamlanyp barýar, bu bolsa jadyly dünýäniň hil taýdan kämil we jikme-jik işlenilen wizualizasiýasyny görmäge mümkinçilik berer.

Taslamanyň döredijileri hakyky hekaýanyň ruhyny saklap, şol bir wagtyň özünde tomaşaçylara tanyş bolan wakalara we gahrymanlara täzeçe garaýşy wada berýärler.

Siz Hogwartsyň nähili üýtgändigini görmäge taýýarmy?

Asus

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026