Ýaponiýanyň ispace kompaniýasy Aýda aragatnaşyk we nawigasiýa üçin Lunar Connect hemra ulgamyny döreder


Ýaponiýanyň aerokosmiki kompaniýasy ispace öz Aý maksatnamasynyň giň gerimli täzelenişini yglan etdi. Esasy taslama hökmünde Aýyň orbitasynda Lunar Connect atly köptaraply zondlaryň ulgamyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Täze ulgam geljekki missiýalaryň esasy meselelerini çözmäge gönükdirilendir: durnukly aragatnaşygy, takyk nawigasiýany üpjün etmek we Aýyň üstüni yzygiderli gözegçilikde saklamak.
Kompaniýanyň meýilnamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Lunar Connect topary bäş hemradan ybarat bolar. Ulgamyň hyzmatlaryndan milli kosmos agentlikleri hem-de hususy kompaniýalar peýdalanyp bilerler. Bu, aýratyn-da, Aýyň Ýerden göni aragatnaşyk mümkin däl bolan garşy tarapynda işleýän missiýalar üçin möhümdir. Şu maksat bilen Alpine we Lupine atly ýörite retranslýator hemralary işlenip taýýarlanylýar.
Ilkinji synag uçuşy tehnologiýalary görkezmek üçin 2027-nji ýyla meýilleşdirildi. ispace kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2040-njy ýyla çenli Aý aragatnaşyk we gözegçilik bazarynyň göwrümi 3 milliard ABŞ dollaryndan geçip biler. Bu ösüş NASA we beýleki guramalaryň Aýda ýaşaýyş bazalaryny gurmak meýilnamalary bilen baglanyşykly bolar.
Bu ugurda beýleki gatnaşyjylar hem bar: Intuitive Machines kompaniýasy NASA bilen hyzmatdaşlyk edýär, Telespazio bolsa Ýewropa Kosmos Agentligi (ESA) üçin meňzeş çözgütleriň üstünde işleýär.
Hemra maksatnamasy bilen bir wagtda ispace kompaniýasy gonuş modullarynyň uçuş tertibini hem täzeden gözden geçirdi. Amerikan bölümi tarapyndan taýýarlanylýan täze modulynyň uçuşy hereketlendiriji üpjün edijiniň üýtgemegi sebäpli 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla süýşürildi. Häzirki wagtda kompaniýanyň iň ýakyn missiýalary Ýaponiýanyň hökümetiniň goldawy bilen 2028 we 2029-njy ýyllara meýilleşdirildi.
Ýatladyp geçsek, kompaniýanyň 2023 we 2025-nji ýyllarda Aýa enjam düşürmek boýunça öňki synanyşyklary programma üpjünçiligindäki näsazlyklar sebäpli şowsuz boldy. Indi bolsa kompaniýa geljekki Aý ekspedisiýalarynyň binýady boljak ygtybarly infrastruktura döretmäge ünsi jemleýär.
ORIENT








