HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat bilen Baku üstaşyr infrastrukturasyny utgaşdyrýarlar

Aprel 02, 2026 | 22:02 |6833
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti 1-nji aprelde Azerbaýjana bardy. Bu sapar Gruziýadaky gepleşikleriň logiki dowamy bolup, “Gündogar-Günbatar” strategik ugrunyň zynjyryny jemleýärWise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti 1-nji aprelde Azerbaýjana bardy. Bu sapar Gruziýadaky gepleşikleriň logiki dowamy bolup, “Gündogar-Günbatar” strategik ugrunyň zynjyryny jemleýär
Çeşme: economy.gov.az

Wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti 1-nji aprelde Azerbaýjana bardy. Bu sapar Gruziýadaky gepleşikleriň logiki dowamy bolup, “Gündogar-Günbatar” strategik ugrunyň zynjyryny jemleýär.

Poti we Anakliýa portlarynda esasy üns Gara deňze çykalga gönükdirilen bolsa, Bakuda taraplar üstaşyr geçelgäniň “ýüregi” bolan Hazar bölegini ara alyp maslahatlaşmaga geçdiler. Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginde Mikail Jabbaryow bilen geçirilen duşuşykda Aşgabadyň we Bakuwyň hyzmatdaşlygynyň durnuklylygynyň tutuş Orta geçelgäniň durnuklylygy üçin binýatdygy nygtaldy. Taraplar energetika we logistika ulgamlarynda bilelikdäki işleri giňeltmegi, şeýle hem täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

turkmenistan-azerbaijan-transport-infrastructure.jpg

Baku halkara deňiz söwda portuna bolan saparyň dowamynda Hazaryň deňziniň iki kenarynyň tehnologik taýdan utgaşyklylygyna aýratyn üns berildi. “Azerbaýjan demir ýollary” ÝGPJ-niň başlygy Röwşen Rustamow bilen geçirilen duşuşykda düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk ädimler maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenbaşy halkara deňiz portunda düýbüni çuňaltmak işlerini geçirmek barada gürrüň edildi. Bu tehniki çäre uly tonnaly gämileri kabul etmek we ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak üçin möhümdir. Türkmen wekiliýetine geçen ýyl taryhy rekord goýup, 100 müňden gowrak TEU (20 futlyk ekwiwalentdäki konteýnerler) ýüküň aşyrylmagyny üpjün eden Baku portunyň tejribesi tanyşdyryldy.

turkmenistan-azerbaijan-transport-infrastructure (3).jpg

Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Raşad Nabiýew bilen geçirilen gepleşikler geçelgäniň geljeginiň maglumatlaryň sanly alşylmagyndadygyny tassyklady. Iki ýurduň demir ýol edaralarynyň we portlarynyň hakyky wagt tertibinde utgaşykly işlemekleri “Gündogar-Günbatar-Gündogar” ugry boýunça üstaşyr ýükleriň geçişini has-da çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.

Wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň şu hepde Gruziýa we Azerbaýjana amala aşyran saparlary Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynda täze tapgyry alamatlandyrýar. Biz diňe bir duşuşyklar tapgyryna däl, eýsem bitewi ulag-tehnologik giňişliginiň işjeň kemala gelýändigine şaýat bolýarys.

1 turkmenistan-azerbaijan-transport-infrastructure.jpg

Türkmenbaşy, Baku we Poti/Anakliýa portlarynyň işiniň utgaşdyrylmagy Türkmenistany üstaşyr çäkden ýewraziýa ugurlarynyň esasy operatoryna öwürýär. Saparyň dowamynda gozgalan meseleler — Gruziýada hususy logistika merkezleriniň döredilmeginden başlap, Hazaryň düýbüni çuňaltmak işlerine çenli — Aşgabadyň “akylly logistika” syýasatyna geçýändigine şaýatlyk edýär. Bu syýasatda ugur boýunça her bir infrastruktura desgasy bitewi we bökdençsiz işleýän mehanizmiň bir bölegi hökmünde çykyş edýär.

Şuny hem bellemek gerek, Aşgabat bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegi sebit gurluşynyň hil taýdan üýtgeýän şertlerinde bolup geçýär. Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklaryna gatnaşmagy, Bakuwyň sebiti ählumumy bazarlar bilen birleşdirýän strategik köpri derejesini berkitdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy diňe bir ikitaraplaýyn taslama hökmünde däl-de, eýsem döwlet Baştutanlary tarapyndan goýlan “Merkezi Aziýa — Kawkaz — Ýewropa” bökdençsiz ulag gurluşyny döretmek boýunça goýan umumy sebitleýin wezipäniň ýerine ýetirilmegi hökmünde garalýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026