Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Aşgabatda “FinFest Turkmenistan 2026” atly ikinji maliýe hyzmatlary festiwaly geçiriler

Aprel 02, 2026 | 19:05 |8629
Aşgabatda 17-18-nji aprel aralygynda “FinFest Turkmenistan 2026” atly ikinji maliýe hyzmatlary festiwaly geçirilerAşgabatda 17-18-nji aprel aralygynda “FinFest Turkmenistan 2026” atly ikinji maliýe hyzmatlary festiwaly geçiriler
Çeşme: orient.tm

Aşgabatda 17-18-nji aprel aralygynda “FinFest Turkmenistan 2026” atly ikinji maliýe hyzmatlary festiwaly geçiriler. Bu çäre bank pudagynyň, maliýe kompaniýalarynyň, IT-senagatynyň wekillerini, ekseprtleri we telekeçileri birleşdirer.

Çäre “Arkaç” işewürlik merkezindäki “Iş nokady”-nda geçirilip, maliýe bazarynyň döwrebap ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança öwrüler.

Festiwalyň maksatnamasyna sanly maliýe serişdelerine, bank pudagyna, maýa goýumlara, ESG we beýleki möhüm ugurlara bagyşlanan panel maslahatlaşmalar girer. Gatnaşyjylar kompaniýalaryň önümleriniň we çözgütleriniň görkeziljek sergisine baryp, ekspertlere sorag berip hem-de amaly maslahatlary alyp bilerler. Networkinge we hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns beriler. Mundan başga-da, festiwalyň meýdançasynda maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen interaktiw zolaklar hem ýerleşdiriler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, “FinFest Turkmenistan” diňe bir işewürlik wakasy hökmünde däl, eýsem ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmek we maliýe medeniýetini ýokarlandyrmak üçin platforma hökmünde hem çykyş edýär. Festiwal telekeçilere, maliýe pudagynyň hünärmenlerine, talyplara we maliýe ulgamy babatda bilimlerini giňeltmekde gyzyklanýanlaryň ählisine niýetlenendir.

Çärä hasaba alnyşyk eýýäm festiwalyň resmi web-saýtynda açyk: https://finfest-tm.com Ýerler çäklidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026