HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eplenýän iPhone kompaniýanyň taryhyndaky iň uly täzelenmesi bolup biler

Aprel 02, 2026 | 00:00 |4606
Apple ilkinji eplenýän smartfonyny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjam iPhone hatarynyň ähli taryhyndaky iň möhüm täzelenmesi bolup bilerApple ilkinji eplenýän smartfonyny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjam iPhone hatarynyň ähli taryhyndaky iň möhüm täzelenmesi bolup biler
Çeşme: gazeta.ru

ORIENT | Tehnologiýalar. Apple ilkinji eplenýän smartfonyny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjam iPhone hatarynyň ähli taryhyndaky iň möhüm täzelenmesi bolup biler. Täze model uly içki ekranly, “kitap” görnüşinde taýýarlanar we köpugurly iş üçin niýetlener.

Enjam eplenýän ekran üçin ýörite uýgunlaşdyrylan iOS 27 ulgamy esasynda işlär. Bu ulgam birnäçe programmanyň bir wagtda işlemegine giň mümkinçilikler berer we belli derejede çäkli görnüşde iPad mümkinçiliklerine golaý bolar.

Şertli ýagdaýda iPhone Fold ýa-da iPhone Ultra diýlip atlandyrylýan eplenýän iPhone-yň tanyşdyrylyşyna 2027-nji ýylyň sentýabr aýynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri bilen bilelikde garaşylýar. Eplenýän görnüşiniň satuwynyň bolsa birnäçe aý soň başlanmagy mümkin.

Mundan başga-da, 2027-nji ýylyň ýazynda iPhone 18-iň esasy modeli, örän inçe iPhone Air 2 hem-de hatary giňeldýän iPhone 18e modeliniň çykmagyna garaşylýar.

Eplenýän iPhone seriýanyň ösüşinde möhüm tapgyr bolar we eplenýän ekranly ykjam enjamlarda programmalar bilen işlemegiň täze mümkinçiliklerini açar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026
«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

19:51 Awgust 10, 2026