HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

Aprel 01, 2026 | 23:40 |6522
«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy RF rubllarynda №2026/19 belgili tender yglan edýär«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy RF rubllarynda №2026/19 belgili tender yglan edýär
Çeşme: Orient.tm

«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy RF rubllarynda №2026/19 belgili tender yglan edýär. Tender Caterpillar C27 senagat hereketlendirijileriniň hem-de Caterpillar D8R buldozeriniň diagnostikasy, häzirki we düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilýär.

Çap edilen senesi: 2026-njy ýylyň 1-nji apreli

Arza tabşyrmagyň soňky möhleti: 2026-njy ýylyň 14-nji apreline çenli

Tenderde bellenen talaplara laýyk gelýän ýuridiki şahslar gatnaşyp biler.

Gatnaşmagyň tertibi

Tenderde gatnaşmak üçin:

– Gatnaşmak baradaky arzany şu e-poçta ibermeli: KhalilulinBS@tatneft.tatar.

Arza kompaniýanyň resmi blankasynda şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna ýazylmaly, ygtyýarly şahs tarapyndan gol çekilmeli we möhür bilen tassyklanmaly.

Arzada görkezilmeli maglumatlar:

– gatnaşyjynyň doly ady;

– hukuk ýagdaýy;

– hasaba alnan ýurdy;

– bank rekwizitleri.

Möhüm:

Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerlerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.

Arza garalandan soň, gatnaşyja tehniki tabşyryk iberilýär.

Tender teklibi şu görnüşde hödürlenmeli:

– PDF formatynda;

– Excel formatynda gaýtalanma bilen;

– azyndan 8 belgili açar sözi bilen goralan RAR arhiwinde.

Tender teklibini tabşyrmagyň möhleti — «Nebit-Gaz» gazetinde we www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda, ýöne iň soňky güni ýerli wagt bilen sagat 18:00-dan gijä galman.

Bellenen möhletden soň tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Guramaçylyk meseleleri boýunça:

Tel.: +993 65 83 18 99

Tehniki meseleler boýunça:

Tel.: +993 62 74 18 80

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026
«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

«Focus Business Türkiye» žurnalynyň täze sany çykdy: iýul aýynyň netijeleri, rekord eksport we täze bazarlar

19:51 Awgust 10, 2026