HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we GIZ Hazarüsti ugry boýunça söwda düzgünlerini ýönekeýleşdirýärler

Aprel 01, 2026 | 22:55 |6696
Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesiniň (TCTC) mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň amaly tapgyryna girişýärTürkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesiniň (TCTC) mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň amaly tapgyryna girişýär
Çeşme: GIZ

Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesiniň (TCTC) mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň amaly tapgyryna girişýär. 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň tapgyry we möhüm resminamalara gol çekilmegi ýurdumyzyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda logistiki zynjyryň esasy halkasy hökmünde ornuny berkidýär.

Möhüm waka hökmünde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) arasynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnama üýtgetmeler girizmek boýunça Teswirnamanyň gol çekilmegi boldy. Resminama ministr Nazar Agahanow we GIZ-niň utgaşdyryjysy Ýoahim Frits tarapyndan gol çekilip, Türkmenistanda TCTC mümkinçiliklerini ösdürmek maksatnamasyna 2029-njy ýyla çenli resmi taýdan badalga berdi.

Finance Ministry 2.jpeg

Ýewropa Bileleşigi, Germaniýa we Fransiýa tarapyndan goldanylýan bu başlangyç Hazarüsti ugruny öňünden çaklap bolýan, ýokary tehnologiýaly we durnukly geçelgä öwürmegi maksat edinýär. Maksatnamanyň amala aşyrylmagy GIZ bilen bilelikde Expertise France fransuz agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýär.

«Merkezi Aziýada söwda düzgünlerini ýönekeýleşdirmek» (TFCA) atly sebit taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisiniň çäklerinde 2024–2025-nji ýyllardaky işleriň jemleri jemlendi. Esasy gazanylan üstünlikleriň biri Türkmenistanda söwda düzgünlerini ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparynyň döredilmegi boldy.

GIZ-niň maslahat beriji goldawy bilen bu topar söwda amallaryny çaltlandyrmak, administratiw päsgelçilikleri azaltmak hem-de eksport we import prosesleriniň açyklygyny ýokarlandyrmak üçin «bir penjire» ulgamy hökmünde hyzmat eder.

Söwda ministri Nazar Agahanow we Ýoahim Frits şeýle gurluşyň döredilmeginiň haryt dolanyşygynyň ösüşine we milli işewürligiň global üpjünçilik zynjyrlaryna goşulmagyna gönüden-göni täsir edýändigini bellediler.

Maritime Service 2.jpeg

Meýilnamadan amaly hereketlere geçilmegi Asel Uzagaliewanyň ýolbaşçylygyndaky GIZ we Expertise France guramalarynyň bilermenleriniň iş sapary bilen alamatlandy. 24–27-nji mart aralygynda wekiliýet ýurduň oba hojalyk we ulag pudaklarynyň wekilleri, şol sanda Ulag we logistika merkezi (TULM) hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.

Bilermenler sebitiň «deňiz derwezesi» hasaplanýan Türkmenbaşy halkara deňiz portuna aýratyn üns berdiler. Porta bolan saparyň dowamynda wekiliýet Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň ýolbaşçylary bilen sanlylaşdyrmak we portuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça anyk ädimleri maslahatlaşdy. Bu port TCTC geçegesiniň möhüm düwünleriniň biridir.

Turkmenbashy Port.jpeg

Türkmenistanyň, ÝB-niň, Germaniýanyň we Fransiýanyň TFCA we TCTC taslamalarynyň çäginde tagallalarynyň birleşdirilmegi ykdysady ösüş üçin berk binýady döredýär. 2029-njy ýyla çenli esasy üns halkara standartlaryny ornaşdyrmaga we işgärler mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdiriler. Bu bolsa Türkmenistana diňe üstaşyr ýükleri geçirmek bilen çäklenmän, eýsem XXI asyryň Beýik Ýüpek ýolunda goşmaça gymmaty döredýän doly hukukly logistika merkezine öwrülmäge mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026