HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi: Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Aprel 01, 2026 | 22:05 |6672
2026-njy ýylyň 31-nji martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Poti portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.2026-njy ýylyň 31-nji martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Poti portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 31-nji martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Poti portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary hanym T.Ioseliani, «Gruziýanyň demir ýollary» PJ-niň, Gruziýanyň deňiz ulaglary administrasiýasynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.

Port 2.jpg

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini belläp, ulag we logistika ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar.

Şu nukdaýnazardan, iki tarap hem «Hazar deňzi – Gara deňzi», «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri, şeýle-de «Ýaşyl port» ýaly taslamalary amala aşyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýük dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini, multimodal logistika çözgütlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmegi, üstaşyr ýükleriň daşalmagynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem-de demir ýol we deňiz gatnawlaryny amala aşyryjylaryň arasyndaky utgaşyklygyň ýokarlandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenbaşy we Poti portlaryny «Gündogar-Günbatar» halkara ulag geçelgelerine integrirlemegiň geljegi uly bolan ugurlaryna seredildi.

turkmenistan-georgia-logistics-hubs-poti-anaklia-2026.jpg

Port terminallaryny dolandyrmakda tejribe alyşmaga, şeýle-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar sebitara ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm bölegi boljak durnukly we döwrebap logistika zynjyryny döretmäge ymtylýandyklaryny tassykladylar.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen wekiliýeti Poti we Anakli portlarynyň çäklerine aýlanyp gördüler hem-de ol ýerlerde portlaryň amaly mümkinçilikleri we infrastrukturalarynyň kuwwaty bilen tanyşdylar.

Port 4.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026