HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

Mart 31, 2026 | 01:55 |7363
2026-njy ýylyň 30-njy martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym M.Kwriwişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.2026-njy ýylyň 30-njy martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym M.Kwriwişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 30-njy martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym M.Kwriwişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler. Taraplar energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewürler toparynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýetini bellediler.

turkmenistan-georgia-economic-cooperation-meeting-tbilisi (3).jpg

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda ugurdaş pudaklaryň arasynda ulgamlaýyn gepleşikleri üpjün etmekde we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň orny aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026