HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Beata Peksa: Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany «Global Gateway» üçin esasy daýanç hökmünde görýär

Mart 28, 2026 | 00:23 |6524
Taryhda ilkinji gezek geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» işewürlik-forumy diňe bir resmi beýanatlaryň meýdançasy bolman, eýsem, düýpli we maksatnamalaýyn dialogyň merkezine öwrüldiTaryhda ilkinji gezek geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» işewürlik-forumy diňe bir resmi beýanatlaryň meýdançasy bolman, eýsem, düýpli we maksatnamalaýyn dialogyň merkezine öwrüldi
Çeşme: orient.tm

ORIENT | 26-njy mart. Taryhda ilkinji gezek geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» işewürlik-forumy diňe bir resmi beýanatlaryň meýdançasy bolman, eýsem, düýpli we maksatnamalaýyn dialogyň merkezine öwrüldi. ÝB-niň ilçisi Beata Peksa forumda eden çykyşynda Brýusseliň sebitdäki täze strategiýasynyň esasy ugurlaryny mälim etdi. Bu ýerde gürrüň tehniki kömek bermekden, giň gerimli we ýokary hilli maýa goýumlara geçmek barada barýar.

Hanym Peksa ählumumy söwda ýollarynyň täzeden guralýan şertlerinde Türkmenistanyň özüni barha aýdyň görnüşde çalşyp bolmajak köpri hökmünde görkezýändigini nygtady. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky «Global Gateway» strategiýasynyň indi dört sany anyk ileri tutulýan ugry bar: Hazarüsti geçelgäniň ösdürilmegi; sanly baglanyşyk; örän möhüm çig mal; suw, energetika we howa.

260326-beata-peksa-eu-turkmenistan-business-forum.jpg

«Biz uly mümkinçilikleri görýäris we biziň maksadymyz — şol mümkinçilikleri hususy pudak tarapyndan ilerledilýän anyk hyzmatdaşlyga öwürmekdir» diýip, diplomat aýtdy.

ORIENT üçin beren interwýusynda Beata Peksa ÝB-niň Türkmenistandaky öz başlangyçlaryny nähili usullar bilen durmuşa geçiriljekdigi barada anyk düşündiriş berdi.

Ulag geçelgesi: «hard» we «soft» Biziň neşirimiziň Hazarüsti ugruny ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan orny baradaky soragyna jogap berip, ilçi ÝB-niň bu ýurdy diňe bir «gaty» (portlar, ýollar) däl-de, eýsem «ýumşak» infrakturany ösdürmegiň hem işjeň gatnaşyjysy hökmünde görýändigini belledi. Bu gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagyny we kadalaryň utgaşdyrylmagyny öz içine alýar, bu bolsa işewürlik üçin üstaşyr geçiriş wagtyny we çykdajylaryny hakykatyndan hem azaltmaga mümkinçilik berer.

Ýaşyl diplomatiýa we metan. Söhbetdeşlikde ekologiýa aýratyn üns berildi. ÝB metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistana goldaw bermäge taýýar. «Ýewropa topary» (Team Europe) çemeleşmesi syýasy çözgütleriň yzyndan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň we Ýewropa maýa goýum banky tarapyndan hakyky maliýeleşdirmäniň geljekdigini aňladýar.

beata-peksa-orient-interview-eu-turkmenistan-business-forum.jpeg

Türkmenistan — ÝB forumynyň sanlary we maglumatlary:

200-den gowrak gatnaşyjy: syýasatçylar, işewürler we bankirler.

90-dan gowrak kompaniýa: logistikadan başlap IT ulgamyna çenli.

40-dan gowrak B2B we B2G duşuşyklary: işewürligiň we hökümetiň göni gatnaşygy.

Sergi: Halkara söwda merkeziniň (ITC) goldawy bilen Türkmenistanyň 10 sany oba hojalyk we dokma kompaniýasy ÝB bazarlary üçin öz önümlerini hödürlediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026