HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ startap ekoulgamy ilkinji gezek halkara CEVF Awards baýragyna gatnaşýar

Mart 25, 2026 | 14:35 |5836
Türkmenistandan StartUp Academy “Iň gowy startap goldaw maksatnamasy” ugry boýunça abraýly halkara CEVF Awards baýragyna gatnaşmaga saýlandyTürkmenistandan StartUp Academy “Iň gowy startap goldaw maksatnamasy” ugry boýunça abraýly halkara CEVF Awards baýragyna gatnaşmaga saýlandy
Çeşme: StartUp Academy

Türkmenistandan StartUp Academy “Iň gowy startap goldaw maksatnamasy” ugry boýunça abraýly halkara CEVF Awards baýragyna gatnaşmaga saýlandy. Bu möhüm waka: ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili sebitdäki iň iri wençur platformalarynyň biri bolan Central Eurasia Venture Forum-a gatnaşýar.

Baýraga gatnaşmak — Türkmenistanyñ ähli innowasion gurşawy üçin möhüm ädimdir. Bu, ýurdumyzda öz startap ekoulgamynyň kemala gelýändigini, geljegi uly taslamalaryň we tehnologiýa çözgütlerini ösdürmäge taýýar toparlaryň peýda bolýandygyny sebit derejesinde görkezmek üçin mümkinçilikdir.

StartUp Academy topary bu üstünligi alty ýyllyk yzygiderli işiň netijesi hökmünde belleýär. Maksatnama çuňňur ekzpertizany we amaly çemeleşmäni birleşdirýär hem-de ideýany hakyky işe öwürmek isleýänler üçin mentorlaryň ýolbaşçylygynda möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Halkara derejesindäki ykrar edilme, türkmen başlangyçlarynyň ýurdumyzyň çäginden daşarda-da tanalýandygyny tassyklaýar.

Taslamany nädip goldamaly?

Ýeňiji açyk ses beriş arkaly kesgitlenýär. Her bir ses — Türkmenistanyñ innowasion kartadaky tanalmagyna goşantdyr. StartUp Academy üçin ses bermek şu sahypada mümkin: https://ventureforum.asia/award

Startaplar üçin täze mümkinçilikler

Bäsleşige gatnaşmak bilen bir hatarda StartUp Academy işrwürlik-inkubasiýa maksatnamasynyň 14-nji tapgyryna arzalary kabul edýär. Bu, öz ideýasyny ösdürmek we ösýän telekeçilik jemgyýetiniň bir bölegi bolmak isleýänler üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Arzalaryň kabul edilýän möhleti: 3-nji aprele çenli.

Maksatnamanyň başlanýan senesi: 11-nji aprel.

Giňişleýin maglumat: https://startup-tm.com/business_incubator

Arza bermek: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSebJLUthlgVf_t7Es46jcAznCMJZVU7l83ecmQnTnajwMRt5Q/viewform?vc=0&amp%3Bc=0&amp%3Bw=1&amp%3Busp=mail_form_link

CEVF Awards-a gatnaşmak diňe bir buýsanç däl, eýsem ýurdumyzyň tehnologik kuwwatynyň ösýändiginiň alamatydyr. Bu gün her bir adam bu möhüm ädimi goldap biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026