HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AÖB Türkmenistanyň gatnaşmagynda täze nesil serhet geçelgelerini ösdürmek taslamasyna garaýar

Mart 16, 2026 | 22:10 |9771
Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna agza ýurtlary (CAREC) üçin täze nesil serhet geçelgelerini ösdürmek (Developing New Generation Border Crossing Points) boýunça sebit taslamasyna garaýarAziýa Ösüş Banky (AÖB) Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna agza ýurtlary (CAREC) üçin täze nesil serhet geçelgelerini ösdürmek (Developing New Generation Border Crossing Points) boýunça sebit taslamasyna garaýar
Çeşme: Açyk çeşmeler

Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna agza ýurtlary (CAREC) üçin täze nesil serhet geçelgelerini ösdürmek (Developing New Generation Border Crossing Points) boýunça sebit taslamasyna garaýar. Bu taslama Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Hytaý, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar diýip, Trend agentligi bankyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Taslamanyň maliýeleşdirilmeginiň 1 million ABŞ dollary möçberindäki Ýörite tehniki kömek gaznasy arkaly amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Taslama CAREC ýurtlaryna howa şertleriniň täsirlerine durnuklylygy üpjün edýän we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna esaslanýan täze nesil serhet geçelgelerini işläp taýýarlamakda goldaw bermäge gönükdirilendir.

Taslamanyň çäklerinde birnäçe ileri tutulýan serhet geçelgeleri boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylar. Olar tehniki-ykdysady esaslandyrmalar, giňişleýin ekspertiza hem-de taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy öz içine alýar. Şeýle hem taslama CAREC ýurtlarynyň serhet geçelgelerini ösdürmek we dolandyrmak ukybyny güýçlendirmek boýunça çäreleri hem göz öňünde tutýar.

Taslamanyň amala aşyrylmagy serhetden geçiş nokatlarynda infrastruktura we amallary kämilleşdirmäge, şeýlelikde CAREC ulag torunyň ugrunda söwda üçin sarp edilýän wagt we çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer. Serhet geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrylmagy halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirip hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edip, başlangyjyň esasy netijesi bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026