HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus nebitçileri Ekwadorda milli rekord goýdylar

Mart 11, 2026 | 14:40 |4846
Belorusneft kompaniýasynyň hünärmenleri Ekwador Respublikasyndaky Armadilýo ýatagynda özboluşly buraw guýysyny üstünlikli gurup tamamladylarBelorusneft kompaniýasynyň hünärmenleri Ekwador Respublikasyndaky Armadilýo ýatagynda özboluşly buraw guýysyny üstünlikli gurup tamamladylar
Çeşme: belta.by

Belorusneft kompaniýasynyň hünärmenleri Ekwador Respublikasyndaky Armadilýo ýatagynda özboluşly buraw guýysyny üstünlikli gurup tamamladylar. Bu üstünlik halkara gurama Society of Petroleum Engineers (SPE) tarapyndan resmi taýdan milli rekord hökmünde hasaba alyndy, diýip BELTA habar berýär.

Rekord görkezijieri №010R1 guýysynyň gapdal şahasynyň burawlanmagynyň dowamynda gazanyldy. Işler bir bölüme gurlup, gurluşygyň umumy uzynlygy takmynan 5700 fut boldy. Taslamanyň üstünlik gazanmagy öňdebaryjy tehnologiýalaryň we takyk geologiki-tehniki çözgütleriň birleşmegi bilen mümkin boldy.

Rekordyň goýulmagynda esasy faktor sanly çözgütleriň ulanylmagy boldy. Guýy gurluşygyny dolandyrmak merkezi iş prosesini 24 sagat uzakdan gözegçilikde saklady. Bu inženerlere hakyky wagt tertibinde guýy işini düzgünleşdirmäge mümkinçilik berdi we her tapgyrda ýokary takyklygy hem-de howpsuzlygy üpjün etdi.

Aleksandr Lýahow, Belorusneft kompaniýasynyň baş direktory, Ekwadordaky taslamanyň diňe ykdysady peýda getirmeýändigini, eýsem Belarus bilen Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasynda tehnologiýa geçişinde möhüm ädim bolup durýandygyny belledi. Petroekwador Döwlet kompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk sebitiň energetika pudagyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki wagtda Belorusneft üç yklymda işleşýän 27 müňden gowrak işgärini birleşdirýär. Ekwadordaky ýokary netijeler kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan innowasion buraw usullarynyň we sanly dolandyryş ulgamlarynyň bäsdeşlige ukyplydygyny tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026