Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuweýt daşamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin wagtlaýyn nebit çykarmagyny azaldýar

Mart 10, 2026 | 16:00 |5021
Kuweýtiň nebit korporasiýasy (KPC) nebit çykarmagy we ony gaýtadan işlemegi wagtlaýyn azaltjakdygyny yglan etdi. Bu karar doly öňüni alyş häsiýete eýe bolup, deňiz ulaglarynyň howpsuzlygy baradaky aladanyň netijesinde kabul edildiKuweýtiň nebit korporasiýasy (KPC) nebit çykarmagy we ony gaýtadan işlemegi wagtlaýyn azaltjakdygyny yglan etdi. Bu karar doly öňüni alyş häsiýete eýe bolup, deňiz ulaglarynyň howpsuzlygy baradaky aladanyň netijesinde kabul edildi
Çeşme: naked-science.ru

Kuweýtiň nebit korporasiýasy (KPC) nebit çykarmagy we ony gaýtadan işlemegi wagtlaýyn azaltjakdygyny yglan etdi. Bu karar doly öňüni alyş häsiýete eýe bolup, deňiz ulaglarynyň howpsuzlygy baradaky aladanyň netijesinde kabul edildi. Esasy sebäpleriniň biri Ormuz bogazynda gämi gatnawy üçin ýüze cykan töwekgelçilikler boldy — sebäbi bu ýer dünýäniň energiýa serişdeleriniň üpjünçilik gatnawlarynyň esasy ulag ýoly hasaplanýar.

Korporasiýanyň ýolbaşçylygy kabul edilen çäreleriň öňüni alyş häsiýetlidigini nygtaýar. Kuweýt sebitdäki gözegçilik ýagdaýy durnuklaşan badyna, öňki önümçilik derejesini tiz wagtda dikeltmek üçin doly tehniki taýýarlygyny saklap galýar. Bu çemeleşme ýurduň halkara hyzmatdaşlaryna bolan borçlaryny durnuksyzlyk şertlerinde jogapkärli ýerine ýetirýändigini görkezýär.

Ormuz bogazy bilen bagly ýagdaý dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galýar, sebäbi onuň geografiýasy örän özboluşlydyr. Pars aýlagyndan açyk ummana çykýan ýeke-täk deňiz geçelgesi bolup, ol nebit öndürijileri bilen global bazarlary baglaşdyrýar. Häzirki wakalaryň netijesjnde Yrak we Katar hem nebit çykarmagy gaýtadan düzmek boýunça şeýle çäreleri kabul etdi, bu bolsa sebitiň ýurtlarynda ätiýaçlylyk tendensiýasyny görkezýär.

Sarp edijiler we bazar gatnaşyjylary üçin bu maglumat, Kuweýt, Saud Arabystany we BAE ýaly esasy oýunçylaryň üpjünçilik ýollarynyň howpsuzlygyna üns berýändigini aňladýar. Wagtlaýyn çäklendirmelere garamazdan, nebit çykaryjy ýurtlar energetika pudagynyň durnuklylygyny goramaga we mümkin bolan ilkinji pursatda doly işjeňlige gaýdyp gelmäge taýýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026