HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

YouTube-den emeli aň başarnyklaryna çenli: täze gural okuw prosesini nädip awtomatlaşdyrýar

Mart 07, 2026 | 16:30 |4533
Wideo sapaklaryna tomaşa etmek indi Skill Seekers atly guralyň kömegi bilen has netijeli boldy. Açyk çeşmeli bu programma YouTube ýa-da Vimeo platformalaryndaky wideolardan alnan bilimleri dessine Claude, Gemini we ChatGPT ýaly emeli aň ulgamlarynyň düşünip bilýän formatyna öwürýärWideo sapaklaryna tomaşa etmek indi Skill Seekers atly guralyň kömegi bilen has netijeli boldy. Açyk çeşmeli bu programma YouTube ýa-da Vimeo platformalaryndaky wideolardan alnan bilimleri dessine Claude, Gemini we ChatGPT ýaly emeli aň ulgamlarynyň düşünip bilýän formatyna öwürýär
Çeşme: habr.com

Wideo sapaklaryna tomaşa etmek indi Skill Seekers atly guralyň kömegi bilen has netijeli boldy. Açyk çeşmeli bu programma YouTube ýa-da Vimeo platformalaryndaky wideolardan alnan bilimleri dessine Claude, Gemini we ChatGPT ýaly emeli aň ulgamlarynyň düşünip bilýän formatyna öwürýär.

Soňky v3.2.0 täzelenmesinde döredijiler wideolary gaýtadan işlemek üçin “akylly” konweýer ulgamyny hödürlediler. Ulgam diňe bir teksti çykarmak bilen çäklenmän, eýsem ekranda bolup geçýän ýagdaýlary hem “görýär”: ol redaktorlardaky kodlary tanap, terminallardaky buýruklary hem okaýar.

Indi kodlary stop-kadrlardan el bilen göçürmek ýa-da sapagy birnäçe gezek täzeden diňlemek zerur däl. Skill Seekers maglumatlary wizual sesden arassalap, olary gurluşlaşdyryp, emeli aň kömekçiňiz üçin SKILL.md atly faýly awtomatiki döredýär.

Bu guralyň esasy artykmaçlygy onuň köptaraplylygydyr. Bir gezek taýýarlanan netijäni goşmaça gaýtadan taýýarlyksyz 16 dürli formatda eksport edip bolýar. Bu bolsa programmistler we işlerinde neýro torlary ulanýan beýleki ulanyjylar üçin wagty ep-esli tygşytlaýar.

Gural doly mugt bolup, GitHub platformasynda elýeterlidir. Ony pip arkaly gurmak bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026