HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandaky "Tatneft" şahamçasy Caterpillar senagat hereketlendirijisini kärendesine almak boýunça tender yglan edýär

Mart 10, 2026 | 23:30 |6902
Türkmenistandaky "Tatneft" şahamçasy 2026/13 belgili tenderi Türkmen manadynda yglan etdi. Tender Caterpillar C‑27 senagat hereketlendirijisini wagtlaýyn eýeçilige we peýdalanmaga bermek (kärende) hyzmatlaryny, şeýle hem onuň ulanyş döwründe doly tehniki hyzmatyny we abatlaýyş işlerini öz içine alýarTürkmenistandaky "Tatneft" şahamçasy 2026/13 belgili tenderi Türkmen manadynda yglan etdi. Tender Caterpillar C‑27 senagat hereketlendirijisini wagtlaýyn eýeçilige we peýdalanmaga bermek (kärende) hyzmatlaryny, şeýle hem onuň ulanyş döwründe doly tehniki hyzmatyny we abatlaýyş işlerini öz içine alýar
Çeşme: tatneft.ru

Türkmenistandaky "Tatneft" şahamçasy 2026/13 belgili tenderi Türkmen manadynda yglan etdi. Tender Caterpillar C‑27 senagat hereketlendirijisini wagtlaýyn eýeçilige we peýdalanmaga bermek (kärende) hyzmatlaryny, şeýle hem onuň ulanyş döwründe doly tehniki hyzmatyny we abatlaýyş işlerini öz içine alýar.

Tenderiň predmeti

Caterpillar C‑27 senagat hereketlendirijisini wagtlaýyn eýeçilige we peýdalanmaga bermek hem-de onuň ulanylyşynyň ähli döwründe doly tehniki hyzmatyny we abatlaýyşyny üpjün etmek.

Gatnaşmak üçin arza

Tenderde gatnaşmak isleýänler arzalaryny şu elektron poçta salgysyna ibermelidirler:

KhalilulinBS@tatneft.tatar

Arza şu talaplara laýyklykda taýýarlanylmalydyr:

• dalaşgär kompaniýanyň resmi blankasynda ýazylmaly;

• şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna iberilmeli;

• ygtyýarly şahs tarapyndan gol çekilmeli;

• möhür bilen tassyklanmalydyr.

Arzada şu maglumatlar görkezilmelidir:

• kompaniýanyň doly ady;

• hukuk ýagdaýy;

• hasaba alnan ýurdy;

• bank rekwizitleri.

Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerlerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.

Arza kabul edilenden soň, gatnaşyja görkezilen elektron poçta salgysy boýunça tehniki tabşyryk iberiler.

Tender teklibine bildirilýän talaplar

Tender teklibi şu görnüşde hödürlenmelidir:

• elektron görnüşinde;

• PDF formatynda, şol bir wagtda Excel faýly bilen;

• ähli faýllar RAR formatynda arhiwlenmeli;

• arhiw azyndan 8 simwoldan ybarat açar sözi bilen goralmalydyr.

Teklipleri tabşyrmagyň möhleti

Tender teklipleri bildiriş "Nebit‑Gaz" gazetinde we www.oilgas.gov.tm sahypasynda resmi çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda, onunjy iş gününiň ýerli wagt bilen 18:00-dan gijä galman tabşyrylmalydyr.

Görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmez.

Habarlaşmak üçin:

Guramaçylyk meseleleri boýunça:

MTO inženeri

+993 65 83-18-99

Tehniki meseleler boýunça:

Baş mehanik

+993 62 74-18-80

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026