HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmengaz" enjamlary we maddy serişdeleri satyn almak boýunça halkara tenderi yglan edýär

Mart 06, 2026 | 16:30 |6604
"Türkmengaz” döwlet konserni öz zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-016 belgili açyk tender yglan edýär"Türkmengaz” döwlet konserni öz zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-016 belgili açyk tender yglan edýär
Çeşme: oilgas.gov

"Türkmengaz” döwlet konserni öz zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-016 belgili açyk tender yglan edýär.

Bildirişe laýyklykda, tender teklipleriniň kabul edişligi 2026-njy ýylyň 6-njy martyndan 22-nji apreline çenli dowam eder.

Tender teklipleri tabşyrmagyň soňky möhleti 22.04.2026 ý. ýerli wagt bilen sagat 15:00 çenli.

Tendere gatnaşmaga diňe tender resminamasynda bellenen talaplara laýyk gelýän önüm öndüriji kompaniýalar goýberilýär.

Tender indiki lotlary öz içine alýar:

Lot № 1 - «Turba we metal önümleri»;

Lot № 2 - «Umumy zawod enjamlary»;

Lot № 2 - «Tehnologik enjamlar»;

Lot № 3 - «Elektrotehniki enjamlar, gözegçilik-ölçeg abzallary».

Tendere gatnaşmak üçin kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär. Gatnaşyjylar döwlet tenderleri baradaky Türkmenistanyň kanunçylygy, bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerini bilen tanyş bolmaly. Şeýle hem, lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lot üçin bahasy ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) düzýär.

Tender teklipleri aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK.

Doly tender teklipli bukja möhürlenen görnüşinde tabşyrylmaly. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Goşmaça maglumaty konserniň resmi sahypasynda ýa-da info@turkmengaz.gov.tm elektron poçta arkaly alyp bolýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026