HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ozon Türkmenistanyň bazaryna gyzyklanma bildirýär

Mart 07, 2026 | 00:25 |8018
Häzirki wagtda maglumat giňişliginde GDA-nyň iň iri onlaýn söwda platformalarynyň biriniň Türkmenistanyň bazaryna çykmagy baradaky tema ýene-de ara alnyp maslahatlaşylýarHäzirki wagtda maglumat giňişliginde GDA-nyň iň iri onlaýn söwda platformalarynyň biriniň Türkmenistanyň bazaryna çykmagy baradaky tema ýene-de ara alnyp maslahatlaşylýar
Çeşme: corp.ozon.ru

Häzirki wagtda maglumat giňişliginde GDA-nyň iň iri onlaýn söwda platformalarynyň biriniň Türkmenistanyň bazaryna çykmagy baradaky tema ýene-de ara alnyp maslahatlaşylýar. Muňa sebäp hökmünde ýerli brendingi taýýarlamak boýunça tender barada peýda bolan maglumatlar görkezilýär. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň özi wakalary howlukdyrmazlyga çagyrýar.

Russiýanyň onlaýn söwda platformasy Ozon resmi taýdan Türkmenistana harytlary hyzmatdaşlyk arkaly eltmegiň mümkinçiliklerini öwrenýändigini tassyklady. Şeýle-de kompaniýanyň metbugat gullugy häzirki wagtda ýurtda hyzmatyň doly işe girizilmegi barada gürrüň etmegiň heniz irdigini belledi.

Bu meselä bolan gyzyklanma degişli Telegram ýaýlymlarynda Ozon-yň eýýäm türkmen bazary üçin öz brendini uýgunlaşdyrjak potratçylary gözleýändigi baradaky maglumatlardan soň has-da artdy. Eger tender baradaky maglumatlar hakykata laýyk bolsa, bu kompaniýanyň diňe ýagdaýy synlamakdan marketing meýilleşdiriş tapgyryna geçendigini aňladyp biler. Şeýle-de bolsa, elektron söwda ulgamynda täze logotipiň taýýarlanylmagyndan ilkinji sargydyň gowşurylmagyna çenli ýol birnäçe ýyl dowam edip biler.

Näme üçin “öwreniş” beýle uzak dowam edýär?

Logistika zynjyrlary: sargytlary gowşurmak nokatlarynyň ulgamyny döretmek ygtybarly ýerli hyzmatdaşlary hem-de serhetara daşamalaryň sazlaşykly ulgamyny talap edýär.

Töleg ulgamlary: halkara tölegleriniň integrasiýasy we walýuta öwrülişi daşary ýurtly satyjylar üçin esasy kynçylyklaryň biri bolup galýar.

Gümrük amallary: köpçülikleýin alyjylar üçin diňe tizlik däl, eýsem daşary ýurtlardan gelýän ibermelere goýulýan paçlardan gönüden-göni bagly bolan bahasy hem möhümdir.

Bu alyjylar üçin nämäni aňladýar?

Häzirki wagtda gürrüň diňe hyzmatdaşlyk arkaly eltme barada gidýär. Bu bolsa Ozon-yň öz ammarlaryny ýa-da wekilhanalaryny açman, ýerli kurýer hyzmatlarynyň ýa-da poçta operatorynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biljekdigini aňladýar. Şeýle hyzmatlary ýerine ýetirip biljek esasy guramalaryň biri hökmünde Türkmenpoçta görkezilýär.

Häzirki wagtda marketpleýs diňe şeýle diýmek bilen çäklenýär: “Hyzmat taýýar bolanda, biz bu barada habar bereris”. Türkmen bazary üçin bolsa bu möhüm alamatdyr — halkara kompaniýalary henizem bazaryň mümkinçiliklerini öwrenmegini dowam etdirýärler.

Asyl çeşme: orient.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026