HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Gyşky Paralimpiýa oýunlary: esasy maglumatlar, sanlar we üstünlikleriň taryhy

Mart 07, 2026 | 15:55 |4634
6-njy martdan 15-nji marta çenli Italiýa dünýä sportunyň merkezine öwrülip, bu ýerde XIV Gyşky Paralimpiýa oýunlary geçiriler. Bäsleşikler Milan, Kortina-d’Ampezzo we Wal-di-Fiemme şäherlerinde geçiriler6-njy martdan 15-nji marta çenli Italiýa dünýä sportunyň merkezine öwrülip, bu ýerde XIV Gyşky Paralimpiýa oýunlary geçiriler. Bäsleşikler Milan, Kortina-d’Ampezzo we Wal-di-Fiemme şäherlerinde geçiriler
Çeşme: dw.com

6-njy martdan 15-nji marta çenli Italiýa dünýä sportunyň merkezine öwrülip, bu ýerde XIV Gyşky Paralimpiýa oýunlary geçiriler. Bäsleşikler Milan, Kortina-d’Ampezzo we Wal-di-Fiemme şäherlerinde geçiriler. Oýunlaryň açylyş dabarasy Weronadaky meşhur gadymy arenada geçiriler. Paralimpiýa hereketiniň watany hasaplanýan Beýik Britaniýanyň Stok-Mandewill obasynda bolsa däp boýunça Oýunlaryň ody ýakyldy.

Sport maksatnamasy we gatnaşyjylar

Oýunlara 50 ýurtdan takmynan 650 türgen gatnaşar. Olar sportyň alty esasy görnüşi boýunça jemi 79 medal toplumy ugrunda bäsleşerler. Bu görnüşlere dag lyžasy, snoubording, buz hokkeýi, lyža ýaryşlary, biatlon we arabaly kerling girýär. Şu ýyl kerling sportynda ilkinji gezek garyşyk jübütleriň ýaryşlarynyň geçirilmegi aýratyn üns çekýär.

Paralimpiýa hereketi örän çalt ösýär. 1976-njy ýylda Şwesiýada geçirilen ilkinji Gyşky Paralimpiýa oýunlaryna 200-den hem az türgen gatnaşypdy. Häzirki wagtda olaryň sany üç esseden gowrak köpeldi.

Ösüş we goldaw

Häzirki zaman Paralimpiadasy diňe bir sport däl, eýsem ol deň mümkinçilikleriň nyşanydyr. Soňky ýyllarda türgenlere berilýän maliýe goldawy hem ep-esli ýokarlandy. Mysal üçin, birnäçe Ýewropa ýurtlarynda Paralimpiýa medal eýelerine häzirki wagtda adaty Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijilerine berilýän sylaglary berilýär. Bu bolsa ýaryşlaryň ýokary professional derejesini hem-de türgenleriň üstünlikleriniň döwlet derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Oýunlaryň missiýasy

Halkara Paralimpiýa komitetiniň prezidenti Endrýu Parsons bu çäräniň esasy maksadynyň dünýäde maýyplygy bolan adamlara garaýşy üýtgetmekdigini belleýär. Tomaşaçylar üçin bu 10 gün çäksiz erkiň we batyrlygyň hakyky sapagy bolar. Gatnaşyjylaryň ussatlygy adam erkiniň islendik fiziki päsgelçilikleri ýeňip geçip bilýändigini subut edýär we olaryň her çykyşyny täsirli hem ruhlandyryjy tomaşa öwürýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026