HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-njy ýylda Gün işjeňligi: alymlar X toparyndaky güýçli şöhlelenmeleriň tapgyryny çaklaýarlar

Mart 06, 2026 | 16:05 |5201
Gün ýokary işjeňlik döwrüne girýär. Astrofizikleriň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Günde iň ýokary derejeli X toparyndaky 5-den 10-a çenli şöhlelenmeler bolup bilerGün ýokary işjeňlik döwrüne girýär. Astrofizikleriň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Günde iň ýokary derejeli X toparyndaky 5-den 10-a çenli şöhlelenmeler bolup biler
Çeşme: bvn.by

Gün ýokary işjeňlik döwrüne girýär. Astrofizikleriň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli Günde iň ýokary derejeli X toparyndaky 5-den 10-a çenli şöhlelenmeler bolup biler. M we X derejesindäki güýçli energiýa zyňyndylary 2028-nji ýyla çenli yzygiderli hasaba alnyp bilner.

Şeýle hadysalar rentgen şöhleleriniň kuwwatyna görä toparlara bölünýär. Bu ulgamda her indiki dereje şöhlelenmäniň intensiwliginiň on esse artýandygyny aňladýar. Gün şöhlelenmeleri köplenç plazmanyň zyňylmagy — zarýadlanan bölejikleriň ägirt uly bulutlary bilen bile bolýar, olar bolsa Ýerde magnit hadysalaryny döredip bilýär.

X toparyndaky güýçli şöhlelenmeler häzirki zaman tehnologiýalaryna gönüden-göni täsir edýär. Netijede hemra nawigasiýasy (GPS), ýokary ýygylykly radioaragatnaşyk we hatda energetika ulgamlarynyň işinde gysga wagtlaýyn näsazlyklar ýüze çykyp biler.

Tehnika bilen bir hatarda Gün işjeňligi adamlara hem täsir edýär. Howanyň ýagdaýyna bagly bolan adamlar bu döwürde magnit hadysalarynyň maglumatlaryna aýratyn üns bermeli, fiziki işjeňligini öňünden meýilleşdirmeli we saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmeli.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026