HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Starlink päsgelçilikleri azaldýar: enjamy mugt kärendesine almak we täze internet bahalary

Mart 06, 2026 | 16:40 |5458
SpaceX kompaniýasy Starlink hemra internet hyzmaty üçin abuna şertlerini ep-esli täzeledi we hyzmaty giň ulanyjy köpçüligi üçin has elýeterli etdi. Esasy täzelikleriň biri — öň gymmat enjamy hökmany satyn almak talaby ýatyryldySpaceX kompaniýasy Starlink hemra internet hyzmaty üçin abuna şertlerini ep-esli täzeledi we hyzmaty giň ulanyjy köpçüligi üçin has elýeterli etdi. Esasy täzelikleriň biri — öň gymmat enjamy hökmany satyn almak talaby ýatyryldy
Çeşme: mobile-review.com

SpaceX kompaniýasy Starlink hemra internet hyzmaty üçin abuna şertlerini ep-esli täzeledi we hyzmaty giň ulanyjy köpçüligi üçin has elýeterli etdi. Esasy täzelikleriň biri — öň gymmat enjamy hökmany satyn almak talaby ýatyryldy. Käbir sebitlerde kompaniýa bu enjamlary düýbünden mugt kärendesine hödürläp başlady.

Esasy üýtgeşmeler başlangyç we premium nyrhnamalaryna degişli boldy. Indi hyzmatlaryň bahasy şeýle:

• Başlangyç nyrhnama: aýlyk töleg 39 dollara çenli peseldi (100 Mbit/s çenli tizligi üpjün edýär). Bu teklip täze müşderiler üçin ilkinji alty aýyň dowamynda güýje girýär.

• Orta bukja (200 Mbit/s): bahasy 80 dollardan 69 dollara çenli arzanlady.

• Ýokary bukja: bahasy 120 dollardan 109 dollara çenli peseldi.

Öň Starlink hyzmatyna birikmegiň esasy päsgelçiligi başlangyç enjam toplumynyň ýokary bahasy bolupdy — takmynan 349 dollar. Mugt kärende ulgamynyň girizilmegi müşderileri uly başlangyç çykdajylardan halas edýär. Bu bolsa aýratyn-da uzak sebitlerde hemra internetini adaty ýerüsti internet üpjün edijilerine güýçli bäsdeş edýär.

Ilon Mask kompaniýanyň maksadynyň aragatnaşygy mümkin boldugyça giňden elýeterli etmekdigini aýdýar. Şeýle-de bolsa, bilermenler şeýle agressiw strategiýanyň kompaniýanyň mümkin bolan birža çykmagynyň (IPO) öňüsyrasynda abunaçylaryň sanyny çalt artdyrmaga gönükdirilendigini belleýärler.

Häzirki wagtda Starlink ulgamynda 9 700-den gowrak hemra bar. Şeýle uly ulgam SpaceX kompaniýasyna diňe bahalary peseltmäge däl, eýsem adaty smartfonlar üçin göni öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny hem ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026