HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýany işläp taýýarlamak boýunça dünýä tejribesi öwrenilýär

Mart 05, 2026 | 19:25 |5115
Bitarap Watanymyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, durnukly ösüşi gazanmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, tejribe alyşmak we tagallalary birleşdirmek ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berilýärBitarap Watanymyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, durnukly ösüşi gazanmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, tejribe alyşmak we tagallalary birleşdirmek ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär
Çeşme: orient.tm

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlyk ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, durnukly ösüşi gazanmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, tejribe alyşmak we tagallalary birleşdirmek ýaly ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär.

1

Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, emeli aňyň mümkinçiliklerini ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ylmyň soňky gazananlarynyň ähli ulgamlara işjeň ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň depginini güýçlendirmäge mümkinçilikleri döredýär. Emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden ýokary derejede işjeň we netijeli peýdalanmagyň usullary yzygiderli öwrenilýär.

2

Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem elektron hökümeti, sanly bilim we ylym ulgamlaryny, sanly lukmançylygy, emeli aň we bulut tehnologiýalaryny, maliýe tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.

3

Şonuň bilen baglylykda, 5-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň guramagynda «Milli emeli aň strategiýasy: Durnukly ösüş üçin bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak» mowzugy boýunça okuw maslahaty geçirildi.

4

Maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň halkara bilermenleri hem gatnaşdylar.

5

Okuw maslahatynda Türkmenistanda ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aň tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri we bu ugurda hukuk binýadyny döretmek bilen bagly meselelere seredildi. Şeýle hem, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň halkara tejribesi we milli maglumatlar binýadynyň howpsuzlygy bilen bagly wezipeler kesgitlendi.

6

Maslahatyň dowamynda Germaniýanyň Mýunhendäki Emeli aň Strategiýa institutynyň esaslandyryjysy we baş Emeli aň boýunça ýolbaşçysy Tristan Post, BMGÖM-niň Türkiýedäki Sanly innowasiýa we emeli aň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşçisi, german bilermeni Andreas Pawelke, BMGÖM-niň Türkiýedäki Emeli aň boýunça Ýurtlary Goldamak Maksatnamasynyň baş analitigi Aýşan Gurbanaliýewa ýaly bilermenleriň hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda emeli aňyň esasy ugurlary boýunça duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda emeli aň tehnologiýasyny ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

7

6-njy marta çenli dowam etjek bu okuw maslahaty, özara tejribe alyşmakda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda hem-de olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026