HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI AI-kömekçilerini döretmek gurallaryny täzeledi

Mart 04, 2026 | 16:30 |3948
OpenAI kompaniýasy öz programmirleme interfeýslerini (API) giň gerimli täzelenen görnüşde hödürledi, bu bolsa emeli aň bilen işleşmegi tizleşdirýär we has takyk edýärOpenAI kompaniýasy öz programmirleme interfeýslerini (API) giň gerimli täzelenen görnüşde hödürledi, bu bolsa emeli aň bilen işleşmegi tizleşdirýär we has takyk edýär
Çeşme: habr.com

OpenAI kompaniýasy öz programmirleme interfeýslerini (API) giň gerimli täzelenen görnüşde hödürledi, bu bolsa emeli aň bilen işleşmegi tizleşdirýär we has takyk edýär. Esasy üýtgeşmeler hakyky wagt tertibinde işlemek we ses arkaly kömekçi modellerine degişli boldy.

Sese esaslanan aragatnaşykda säwlikleriň azalmagy

Täze gpt-realtime-1.5 modeli ses tanamanyň ygtybarlylygyny ep-esli ýokarlandyrdy. Esasy üstünlikleriň biri sanlar we harp transkripsiýasynyň takyklygyny 10% ýokarlandyrmak boldy. Bu aýratyn möhüm bolup, habarlaşmak maglumatlar, salgylar ýa-da açar sözler dilden aýdylan ýagdaýynda peýdalydyr.

Emeli aň çylşyrymly görkezmelere hem 7% has gowy düşünýär. Indi ses kömekçileri ulanyjylaryň soraglaryny birinji gezekde has takyk ýerine ýetirer, bu bolsa neýro tor bilen aragatnaşygy has tebigy edýär.

Çalt iş tizligi

Ikinji esasy täzelik “akylly” agentleriň iş tizligine degişli boldy. Täze maglumat geçiriş tehnologiýasy (WebSocket) ornaşdyrylandan soň, ulgam her gezek ähli maglumatlary täzeden işlemeli däl. Indi hemişelik baglanyşyk saklanýar we diňe döwrwbap täzelikler geçirilýär.

OpenAI maglumatlaryna görä, bu çylşyrymly AI-kömekçileriň işini 20–40% tizleşdirdi. Adaty ulanyjy üçin bu derrew jogap bermek manysyna gelýär: buýrugy ýerine ýetirmekde gijikmeler aradan aýryldy diýen ýaly.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026