Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy “Bagtyýarlyk” şertnama çäginde tender boýunça deslapky saýlamany yglan etdi

Mart 04, 2026 | 20:05 |9773
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky “International Ltd.” şahamçasy № CIT-25057-MR belgili tender boýunça deslapky saýlama (predkwalifikasiýa) tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdiHytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky “International Ltd.” şahamçasy № CIT-25057-MR belgili tender boýunça deslapky saýlama (predkwalifikasiýa) tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdi
Çeşme: turkmenistan.gov

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky “International Ltd.” şahamçasy № CIT-25057-MR belgili tender boýunça deslapky saýlama (predkwalifikasiýa) tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdi.

Satyn alşyň predmeti

Satyn alyş “Bagtyýarlyk” şertnama çäginde Önümçiligi dolandyrmak boýunça departament hem-de Suw we energiýa önümçiligini dolandyrmak boýunça departament üçin umumy maksatly materiallary üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Resminamalaryň tabşyrylyş möhletleri

Deslapky saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 8-nji martyna çenli geçirilýär. Arzalar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden soň gelip gowşan resminamalar kabul edilmeýär.

Gatnaşyjylara bildirilýän talaplar

Tenderde gatnaşmaga degişli tejribesi bolan we üpjünçilik bilen gyzyklanýan kompaniýalar çagyrylýar.

Arza tabşyrmak üçin aşakdaky resminamalar hödürlenmeli:

• tenderde gatnaşmak baradaky arza;

• kompaniýa we onuň esasy işi barada gysgaça maglumat;

• soňky üç ýylyň dowamynda amala aşyrylan meňzeş üpjünçilikleriň tejribesini tassyklaýan maglumatlar;

• ýerli kompaniýalar üçin — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan berlen şahadatnama.

Resminamalaryň taýýarlanyş talaplary

Predkwalifikasiýa resminamalary:

• iňlis we rus dillerinde taýýarlanmaly;

• tikilip, sahypalary belgilenmeli;

• möhür bilen tassyklanan, berk ýapylan bukjalarda tabşyrylmaly;

• ugradyjy hat bilen bilelikde hödürlenmeli;

• 1 asyl nusga, 1 göçürme hem-de ähli resminamalaryň hökmany skanirlenen görnüşi bilen üpjün edilmeli.

Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, şeýle hem tenderiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Salgysy: Ashgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Türkmenistan.

Habarlaşmak üçin adam: Şasoltan Hasanowa

Telefon: +993 (12) 44-52-00 (5701)

Faks: +993 (12) 44-50-44.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026