"Türkmengaz " Döwlet konserni acyk tender yglan edýär


"Türkmengaz” döwlet konserni zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-015 belgili açyk tender yglan edýär:
Tenderiň geçirilýän möhleti: 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 17-nji aprele çenli Tendere gatnaşmaga diňe tender resminamasynda bellenen talaplara laýyk gelýän önüm öndüriji kompaniýalar goýberilýär.
Tenderiň predmeti:
Lot № 1 - «Turba we metal önümleri»;
Lot № 5 - «Kömekçi önümler».
Gatnaşmagyň tertibi:
Gatnaşmak üçin:
-
Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
-
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
-lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
- yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Teklipleri tabşyrmagyň möhleti:
Tendere gatnaşmak üçin teklipler 17.04.2026 ý. ýerli wagt bilen sagat 15:00 çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen (kotirowkaly), degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Habarlaşmak üçin:
Elektron poçta: info@turkmengaz.gov.tm
Telefon belgileri: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42
ORIENT








