HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan öz raýatlarynyň Eýrandan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr geçirilşini guraýar

Mart 02, 2026 | 19:00 |9639
Sebitde howa giňişliginde wagtlaýyn çäklendirmeleriň girizilmegi bilen bagly ýagdaýda Türkmenistan goňşy döwletleriň raýatlarynyň üstaşyr geçirilmegi üçin gury ýer serhetlerini açmak bilen, ynamdar we öňünden çaklanyp bolýan hyzmatdaş hökmünde öz ornuny tassyklaýarSebitde howa giňişliginde wagtlaýyn çäklendirmeleriň girizilmegi bilen bagly ýagdaýda Türkmenistan goňşy döwletleriň raýatlarynyň üstaşyr geçirilmegi üçin gury ýer serhetlerini açmak bilen, ynamdar we öňünden çaklanyp bolýan hyzmatdaş hökmünde öz ornuny tassyklaýar
Çeşme: gazeta.uz

Sebitde howa giňişliginde wagtlaýyn çäklendirmeleriň girizilmegi bilen bagly ýagdaýda Türkmenistan goňşy döwletleriň raýatlarynyň üstaşyr geçirilmegi üçin gury ýer serhetlerini açmak bilen, ynamdar we öňünden çaklanyp bolýan hyzmatdaş hökmünde öz ornuny tassyklaýar. Rus diplomatlary ýaly, Özbegistanyň Daşary işler ministrligi hem öz raýatlaryny eýran-türkmen serhedi arkaly çykarmagyň tertibini mälim etdi.

Serhetden geçiş üçin esasy logistiki merkez hökmünde «Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokady kesgitlenildi. Bu ýerde dürli döwletleriň diplomatik wekilhanalary göçme kömek nokatlaryny guraýarlar. Hususan-da, Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy eýýäm öz raýatlaryny Türkmenistanyň çäginiň üsti bilen guramaçylykly ýagdaýda daşamak üçin serhet nokadyna awtoulag serişdelerini ugratdy diýip, «Dunyo» habar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň arasynda alnyp barylýan anyk utgaşykly işler, göni howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylan şertlerinde awtoulag arkaly päsgelçiliksiz we howpsuz geçişi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Sarahs arkaly geçýän ugruň Eýrandan gury ýer arkaly dolanmak isleýänler üçin esasy işjeň ugur bolup durýandygyny tassyklady.

Ösen ýol infrastrukturasy we durnukly ýagdaýy bolan Türkmenistan nobatdaky gezek sebitde durnuklaşdyryjy orny eýeleýär. Aşgabadyň üstaşyr geçelgelerini tiz wagtda hödürlemäge taýýarlygy ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howpsuzlyk we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine konstruktiw çemeleşýändigini görkezýär.


Utgaşykly aragatnaşyk üçin (Özbegistanyň raýatlary üçin):

Sarahs arkaly geçiş boýunça gyssagly maglumatlary we görkezmeleri almak üçin Özbegistanyň raýatlary Türkmenistandaky ilçihananyň wekilleri bilen habarlaşyp bilerler:

• Žasur Aşurow: +993 64 78-04-44

• Žamşid Buriýew: +993 64 99-34-58

• Konsul Žamşid Ahmedow: +993 62 20-49-56

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026