HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokioda ykjam uçýan awtoulag üstünlikli synagdan geçirildi

Mart 02, 2026 | 13:00 |4321
Ýaponiýanyň SkyDrive atly startap kompaniýasy Tokiodaky aýlagyň üstünde öz aero-taksisini üstünlikli synag uçuşyndan geçirdiÝaponiýanyň SkyDrive atly startap kompaniýasy Tokiodaky aýlagyň üstünde öz aero-taksisini üstünlikli synag uçuşyndan geçirdi
Çeşme: belta.by

Ýaponiýanyň SkyDrive atly startap kompaniýasy Tokiodaky aýlagyň üstünde öz aero-taksisini üstünlikli synag uçuşyndan geçirdi. SD-05 atly ykjam enjam howada üç ýarym minutlap bolup, tehnologiýanyň şäher şertlerinde ulanmaga taýýardygyny görkezdi.

Güýçli ses çykarýan dikuçarlardan tapawutlylykda, bu enjam elektrik akkumulýatorlary we 12 hereketlendiriji arkaly işleýär. Ol üç adam üçin niýetlenen uly kwadrokoptere meňzeýär. Modeliň esasy artykmaçlygy onuň ykjamlygydyr: enjam üçin giň gonuş meýdançalary zerur däl, ol hatda dykyz şäher gurluşygy bolan ýerlerde hem gonup bilýär.

Işläp düzüjileriň pikirine görä, şeýle uçuşlar iri şäherleri dyknyşykdan halas eder. Ýolda sarp edilýän wagt 4–5 esse gysgalar. Adaty taksi bir sagatlap dyknyşykda garaşýan ýerinde, uçýan awtoulag ýolagçylary 12–15 minutda barmaly ýerine ýetirip biler.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomohiro Fukudzawanyň sözlerine görä, geljekde şeýle uçuşyň bahasy adaty taksi ýolundan diňe iki esse ýokary bolar. Bu bolsa howa arkaly tiz gatnawlary giň jemgyýetçilik üçin elýeterli edip, ýolda wagty ýitirmek meselesini çözmäge mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026