HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan IRENA bilen täzelenýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Mart 01, 2026 | 18:50 |9401
Abu-Dabi, 2026-njy ýylyň 24-nji fewraly — Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Baýramow dabaraly çärede International Renewable Energy Agency (IRENA) agentliginiň Baş direktory Françesko La Kamera ynanç hatlaryny gowşuryp, Türkmenistanyň bu halkara guramadaky Hemişelik wekili hökmünde wezipesine resmi taýdan girişdiAbu-Dabi, 2026-njy ýylyň 24-nji fewraly — Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Baýramow dabaraly çärede International Renewable Energy Agency (IRENA) agentliginiň Baş direktory Françesko La Kamera ynanç hatlaryny gowşuryp, Türkmenistanyň bu halkara guramadaky Hemişelik wekili hökmünde wezipesine resmi taýdan girişdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Abu-Dabi, 2026-njy ýylyň 24-nji fewraly — Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Baýram Baýramow dabaraly çärede International Renewable Energy Agency (IRENA) agentliginiň Baş direktory Françesko La Kamera ynanç hatlaryny gowşuryp, Türkmenistanyň bu halkara guramadaky Hemişelik wekili hökmünde wezipesine resmi taýdan girişdi.

Dabaradan soň geçirilen resmi kabul edişlikde Hemişelik wekil Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Agentligiň ýolbaşçysyna gutlag we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Françesko La Kamera türkmen diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Agentligiň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Aýratyn üns “ýaşyl” wodorody öndürmek, täzelenýän energiýa çeşmeleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine gönükdirildi.

IRENA bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistanyň durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy we energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uzak möhletleýin ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigi, şeýle hem ýurdumyzyň global energetika geçişi proseslerine goşulyşmagyna ýardam berýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we dünýä ekologiýa durnuklylygyny berkitmek maksady bilen konstruktiw we uzak möhletleýin dialogy dowam etdirmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026