HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Huawei Madrid şäherinde Watch GT Runner 2 we beýleki täze önümleri tanyşdyrdy

Fewral 28, 2026 | 18:30 |4318
Madrid şäherinde geçirilen giň gerimli tanyşdyryş çäresinde Huawei kompaniýasy gajetleriniň täzelenen hataryny hödürledi. Esasy täzelik hökmünde hödürlenen Huawei Watch GT Runner 2 ylgamak üçin ýörite işlenip taýýarlanan akylly sagatlar bolup, olar hem höwesjeňler, hem-de professional türgenler üçin niýetlenendirMadrid şäherinde geçirilen giň gerimli tanyşdyryş çäresinde Huawei kompaniýasy gajetleriniň täzelenen hataryny hödürledi. Esasy täzelik hökmünde hödürlenen Huawei Watch GT Runner 2 ylgamak üçin ýörite işlenip taýýarlanan akylly sagatlar bolup, olar hem höwesjeňler, hem-de professional türgenler üçin niýetlenendir
Çeşme: Huawei

Madrid şäherinde geçirilen giň gerimli tanyşdyryş çäresinde Huawei kompaniýasy gajetleriniň täzelenen hataryny hödürledi. Esasy täzelik hökmünde hödürlenen Huawei Watch GT Runner 2 ylgamak üçin ýörite işlenip taýýarlanan akylly sagatlar bolup, olar hem höwesjeňler, hem-de professional türgenler üçin niýetlenendir.

Çempionlar üçin takyklyk

Watch GT Runner 2 modeliniň esasy aýratynlygy innowasion üç ölçegli “ýüzýän” antennasydyr. Emeli aň algoritmleri bilen utgaşdyrylanda, bu tehnologiýa ýokary derejeli geolokasiýa takyklygyny üpjün edýär. Sagatlar hatda GPS signaly ýygy-ýygydan kesilýän şäher gurluşygy şertlerinde hem ugruny we aralygy durnukly hasaba alýar.

Marafonçylar üçin ýörite tertip göz öňünde tutulandyr — ol şahsy tälimçi ýaly işleýär: ýaryşlara taýýarlykda kömek edýär hem-de pellehanadan soň netijeleri çuňňur seljerýär. Modeliň ilçisi hökmünde meşhur olimpiýa çempiony Eliud Kipçoge çykyş edýär.

Sport we dynç alyş üçin täzelikler

Ylgamak modelinden başga-da, Huawei beýleki enjamlarynyň mümkinçiliklerini hem giňeltdi:

Watch Ultimate 2

Huawei-Watch Ultimate2

Huawei Watch Ultimate 2– Daýwing üçin niýetlenen premium sagatlar indi golf oýny üçin kämilleşdirilen mümkinçiliklere eýe boldy.

Huawei Band 11

Huawei Band 11

Huawei Band 11 – Gündelik saglyk gözegçiligi üçin elýeterli täze fitnes-bilezikler.

FreeBuds Pro 5

Huawei-FreeBuds Pro 5

Huawei FreeBuds Pro 5– Iki draýwerli we güýçli ses basyş ulgamly öňdebaryjy nauşnikler.

Smartfonlar we planşetler

Huawei Mate 80 Pro

Huawei Mate 80 Pro

Mobil segmentde Huawei Mate 80 Pro ilkinji gezek tanyşdyryldy. Onuň esasy aýratynlygy — dürli ýagtylyk şertlerinde hem reňkleri takyk görkezýän we realistik suratlary üpjün edýän XMAGE ikinji nesil kamerasy boldy.

MatePad Mini

Huawei-MatePad Mini

Şeýle hem Huawei MatePad Mini hödürlendi — bu brendiň taryhynda ilkinji 8,8 dýuým ekranly ykjam planşet bolup, ýeňilligi we ýokary öndürijiligi utgaşdyrýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026