HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mogilýowda geçiriljek Halkara dirižýorlar forumy Belarusdan, Russiýadan we Italiýadan sazandalary jemlär

Fewral 27, 2026 | 16:20 |4148
12–14-nji mart aralygynda Mogilýow şäherinde (Belarus Respublikasy) III Halkara dirižýorlar forumy geçiriler. Iki ýylda bir gezek guralýan döredijilik taslamasy hünär tejribesini alyşmak hem-de giň gerimli konsert maksatnamalary üçin meýdança bolar12–14-nji mart aralygynda Mogilýow şäherinde (Belarus Respublikasy) III Halkara dirižýorlar forumy geçiriler. Iki ýylda bir gezek guralýan döredijilik taslamasy hünär tejribesini alyşmak hem-de giň gerimli konsert maksatnamalary üçin meýdança bolar
Çeşme: belta.by

12–14-nji mart aralygynda Mogilýow şäherinde (Belarus Respublikasy) III Halkara dirižýorlar forumy geçiriler. Iki ýylda bir gezek guralýan döredijilik taslamasy hünär tejribesini alyşmak hem-de giň gerimli konsert maksatnamalary üçin meýdança bolar. Bu barada BELTA habar berýär.

Forumyň maksatnamasy hem hünärmenler jemgyýetine, hem-de giň tomaşaçylar köpçüligine gönükdirilendir. Onuň çäginde ussatlyk sapaklary, leksiýalar, açyk taýýarlyklar hem-de halk saz gurallary orkestrleriniň arasynda L. L. Iwanow adyndaky halkara onlaýn bäsleşigi geçiriler.

Esasy çäreleriň tertibi:

• 12-nji mart — filarmoniýanyň konsert zalynda I. I. Sollertinskiý adyndaky Witebsk döwlet sazçylyk kollejiniň belarus halk saz gurallary orkestri çykyş eder. Sergeý Timoşenkonyň ýolbaşçylygyndaky topar L. L. Iwanow adyndaky bäsleşiginiň Baş baýragynyň eýesidir.

• 13-nji mart — forumyň Grand-konserti geçiriler. Maksatnama dünýä nusgawy eserlerini hem-de häzirki zaman eserlerini öz içine alar. Olar Belarusyň we Russiýanyň öňdebaryjy sazandalary tarapyndan ýerine ýetiriler.

Çäräniň ýörite myhmany hökmünde italiýaly aýdymçy, kompozitor we prodýuser Rikardo Forezi gatnaşar. Ol Belarus Respublikasynyň at gazanan topary — Belarusyň halk artisti L. L. Iwanow adyndaky halk saz gurallary orkestri bilen bilelikde çykyş eder.

Konsertden başga-da, foruma gatnaşyjylar tegelek stollara we döredijilik duşuşyklaryna gatnaşarlar. Guramaçylaryň bellemegine görä, çäre ykrar edilen sahna ussatlary bilen göni dialog arkaly ýaş dirižýorlaryň hünär taýdan ösüşini üpjün etmek hem-de bitewi medeni giňişligini berkitmek maksadyna gönükdirilendir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026