HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin Pekinde Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Merz bilen duşuşdy

Fewral 26, 2026 | 23:55 |4419
Çeşme: orient.tm

Hepdäniň çarşenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekine resmi sapar bilen gelen Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Merz bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Si Szinpin ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny belledi.

Si Szinpin Hytaý bilen Germaniýanyň ykdysady taýdan dünýäniň ikinji we üçünji uly ýurtlardygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem Ýewropa hem-de dünýä derejesindäki ösüşe hem möhüm täsir ýetirýändigini belledi.

Ikinji jahan urşundan bäri dünýäde bolup geçen düýpli özgerişlikleriň şertlerinde strategiki gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek, özara ynamy pugtalandyrmak hem-de giň gerimli strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak zerurdyr diýip, Si Szinpin belledi.

Hytaýyň döwlet baştutany özara hyzmatdaşlygyň üç ugruny, ýagny birek-biregi goldaýan ygtybarly hyzmatdaşlar bolmaklygy, açyklyk we özara bähbit esasynda innowasion hyzmatdaşlygy ösdürmekligi, hem-de özara düşünişmek we dostluk esasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmekligi teklip etdi.

Şeýle hem Si Szinpin Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi roluny goldamagyň, köptaraplaýynlygy işjeňleşdirmegiň hem-de halkara hukugy, erkin söwda, jebislik we utgaşykly ösüş ugrunda öňdebaryjy orny eýelemegiň möhümdigini aýtdy. Hytaý döwleti Ýewropanyň strategik özbaşdaklygyny goldaýar we iki tarapyň açyklyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly Hytaý – Ýewropa gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaklygyna umyt baglaýar.

Bahar baýramy günlerinde amala aşyran saparynyň dowamynda Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Merz, At ýyly mynasybetli özüniň gutlaglaryny beýan edip, Germaniýanyň Hytaý döwleti bilen gatnaşyklaryna ýokary ähmiýet berýändigini belledi. Kansler Fridrih Merz “bir Hytaý” ýörelgesine ygrarlydygyny, birek-birege hormat goýmak, açyk hem-de strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda tagallalaryň dowam etdiriljekdigini tassyklady. Şeýle hem ol Germaniýanyň erkin söwdany goldamak we proteksionizme garşy çykyş etmek boýunça Hytaý bilen utgaşykly hereket etmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ukraina meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Si Szinpin Hytaýyň garaýşyny ýene-de bir gezek beýan edip, dawalaryň dialog we gepleşikler arkaly, deňhukukly gatnaşmak, kanuny ýagdaýlary hasaba almak hem-de umumy howpsuzlygy üpjün etmek esasynda çözülmelidigini nygtady. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilelikdäki metbugat beýannamasyny kabul etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026