HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside täze dokumental filmiň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Fewral 26, 2026 | 21:00 |7949
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tbilisiniň Kino öýünde döwletara gepleşikleri ösdürmekde, özara düşünişmegi berkitmekde hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda berk ynamy pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny açyp görkezýän «Medeniýet dünýäni halas eder» atly gruzin dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi.2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tbilisiniň Kino öýünde döwletara gepleşikleri ösdürmekde, özara düşünişmegi berkitmekde hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda berk ynamy pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny açyp görkezýän «Medeniýet dünýäni halas eder» atly gruzin dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tbilisiniň Kino öýünde döwletara gepleşikleri ösdürmekde, özara düşünişmegi berkitmekde hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda berk ynamy pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny açyp görkezýän «Medeniýet dünýäni halas eder» atly gruzin dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Kinoflmde Türkmenistanyň, Hytaýyň we Gruziýanyň medeniýetleriniň köpdürliligi görkezilip, olaryň medeniýetara gepleşikleri ösdürmäge we ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan goşantlaryna aýratyn üns berilýär.

culture-will-save-the-world-film-premiere-tbilisi (6).jpg

Bu çärä Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow, Hytaý Halk Respublikasynyň Gruziýadaky Ilçisi Ç.Szýan, Gruziýanyň Parlamentiniň Bilim, ylym we ýaşlar meseleleri baradaky komitetiniň agzasy W.Božadze, filmiň režissýory T.Malaniýa, şeýle hem Gruziýanyň ylmy we döredijilik intellegensiýa wekilleri gatnaşdylar.

culture-will-save-the-world-film-premiere-tbilisi (5).jpg

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda ýokary derejeli saparlaryň, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, medeniýet işgärleriniň döredijilikli özara gatnaşyklary üçin şertleriň döredilmegi we ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň uly orun tutýandygyny belledi.

culture-will-save-the-world-film-premiere-tbilisi (4).jpg

Ol häzirki wagtda parahatçylyk we ynyşmak aýratyn ähmiýete hem-de gymmata eýe bolýandygyny aýtdy. Ilçi bu filmiň halklary has-da ýakynlaşdyrmak we parahatçylygy berkitmek üçin berk binýat bolup durýan medeni diplomatiýanyň ösmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Mundan başga-da çykyş edenler, ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmekde medeniýetiň möhüm guraly hökmünde ägirt uly orny barada nygtap geçdiler.

culture-will-save-the-world-film-premiere-tbilisi (7).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026