HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin Kim Çen Yny Zähmet partiýasynyň Baş sekretarlygyna saýlanmagy bilen gutlady

Fewral 25, 2026 | 05:52 |4406
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Zähmet partiýasynyň IX gurultaýynda Kim Çen Ynyň partiýanyň Baş sekretarlygyna saýlanmagy mynasybetli, hepdäniň duşenbe güni oňa özüniň gutlagyny iberdi.

Gutlag ýüzlenmesinde Si Szinpin 2021-nji ýylda geçirilen VIII gurultaýdan bäri Kim Çen Inyň ýolbaşçylygynda Zähmet partiýasynyň Merkezi komitetiniň Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň halkyny sosialistik gurluşda täze üstünliklere ýetirmegi başarandygyny belläp geçdi. Onuň gaýtadan saýlanmagy partiýanyň, döwletiň we halkyň ýokary ynamyny hem-de goldawyny görkezýändir.

Si Szinpin, Zähmet partiýasynyň IX gurultaýynyň, ösüşiň täze tapgyryna geçilýän möhüm döwürde geçirilendigini, onuň uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de Kim Çen Ynyň ýolbaşçylygynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň sosialistik ösüş ýolunda täze sepgitlere ýetmegini arzuw etdi.

Dostluk, jebislik we özara goldaw gatnaşyklary bilen baglanyşykly sosialistik goňşy döwletler hökmünde Hytaý bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary saklamak, pugtalandyrmak we ösdürmek Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hem-de Hytaý hökümetiniň üýtgewsiz syýasaty bolup durýandyr.

Soňky ýyllarda Si Szinpin bilen Kim Çen Yn birnäçe gezek duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine giň ýol açdylar.

Dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe Si Szinpin Kim Çen Yn bilen bilelikde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, degişli edaralaryň we sebitleriň işini utgaşdyrmak hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky dostlugynyň täze sahypasyny ýazmak niýetini beýan etdi. Bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň sosialistik gurluşygyna hyzmat edip, halklaryň abadançylygyny we dostlugyny pugtalandyrmaga, şeýle hem sebitde we dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga, ösüşe we abadançylyga goşant goşmaga gönükdirilendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026