HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Fewral 24, 2026 | 23:00 |6613
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

24022026-mejlis-speaker-turkmenistan-prime-minister-georgia-talks (2).jpg

Ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleri berkitmekde we döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy berkitmekde, açyk gepleşikleri goldamakda we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýadyny döretmekde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ägirt uly ornuny bellediler.

Gepleşigiň ahyrynda taraplar birek-birege ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026