HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

Fewral 24, 2026 | 22:30 |5865
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Gruziýanyň Prezidenti M.Kawelaşwili Gruziýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowany kabul etdi.2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Gruziýanyň Prezidenti M.Kawelaşwili Gruziýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowany kabul etdi.
Çeşme: Embassy of Turkmenistan in Georgia

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Gruziýanyň Prezidenti M.Kawelaşwili Gruziýada resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowany kabul etdi.

turkmenistan-mejlis-chairperson-meeting-president-georgia (3).jpg

Mejlisiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

turkmenistan-mejlis-chairperson-meeting-president-georgia (4).jpg

Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklara aýratyn üns berildi, şeýle hem netijeli halkara başlangyçlaryň yzygiderli özara goldanylýandygy bellenildi.

turkmenistan-mejlis-chairperson-meeting-president-georgia (2).jpg

Duşuşyga gatnaşyjylar parlamentara hyzmatdaşlygyň we resmi saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmekde esasy orny eýeleýändigini aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbidine netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026