HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Intel çaklamasy: 2026-njy ýylda her ikinji kompýuter AI aýratynlyklaryna eýe bolar

Fewral 20, 2026 | 13:45 |3986
Emeli aňly kompýuterleriň döwri garaşylyşyndan has çalt gelýär. Intel-iň çaklamasyna görä, eýýäm şu ýyl dünýä boýunça iberilýän ähli kompýuterleriň ýarysyna golaýy neýroulgamlar bilen ýerli işlemek üçin ýörite neýron prosessorlary bilen üpjün edilerEmeli aňly kompýuterleriň döwri garaşylyşyndan has çalt gelýär. Intel-iň çaklamasyna görä, eýýäm şu ýyl dünýä boýunça iberilýän ähli kompýuterleriň ýarysyna golaýy neýroulgamlar bilen ýerli işlemek üçin ýörite neýron prosessorlary bilen üpjün ediler
Çeşme: finance.yahoo.com

Emeli aňly kompýuterleriň döwri garaşylyşyndan has çalt gelýär. Intel-iň çaklamasyna görä, eýýäm şu ýyl dünýä boýunça iberilýän ähli kompýuterleriň ýarysyna golaýy neýroulgamlar bilen ýerli işlemek üçin ýörite neýron prosessorlary bilen üpjün ediler.

Kompaniýanyň Ýaponiýa bölüminiň prezidenti Makoto Ono 2026-njy ýylyň öwrülişik döwri boljakdygyna ynanýar. Hut häzirki wagtda şeýle enjamlar tehnologiýa täzeliginden pudagyň standartyna öwrülýär.

IDC derňewçileriň seljermesine görä, şu ýyl kompýuterleriň umumy iberiş möçberi takmynan 260 million birlik bolar. Bu bolsa täze enjamlaryň 130 milliona golaýynyň AI tizlendirijileri bilen üpjün ediljekdigini aňladýar.

Şeýle-de bolsa, Intel ýolbaşçysy möhüm bir ýagdaýy boýun alýar: häzirki wagtda alyjylar şeýle kompýuterleri diňe neýroulgam mümkinçilikleri üçin saýlamaýarlar. Satyn almalar ücin esasy sebäpler hökmünde ýokary öndürijilik we ep-esli ýokarlanan awtonom iş wagty galýar.

Neýron prosessorlarynyň ulanylmagy ýüküň has netijeli paýlanmagyna mümkinçilik berýär. Bu kompýuterleri has çalt we has durnukly edýär, şonuň üçin sarp edijiler olary güýçli gural hökmünde satyn alýarlar, AI mümkinçiliklerini bolsa goşmaça artykmaçlyk hökmünde alýarlar.

Intel şeýle enjamlaryň diňe gymmat premium önümler hökmünde kabul edilmegini üýtgetmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň maksady — AI tehnologiýalaryny köpçülikleýin bazara çykarmak we olary gysga wagtda her bir ulanyja elýeterli etmek.

Munuň üçin pudaga AI çipleriniň mümkinçiliklerini doly ulanýan has köp programma üpjünçiligi gerek. Intel-de adamlar ýakyn wagtda täze modeli abraý üçin däl-de, kompýuterleri anyk meseleleri ýerine ýetirmek üçin satyn alyp başlar diýip umyt edýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026