HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şençžende «azyk banklary» ulgamy 3,5 ýyldan gowrak wagtlap mätäç ýaşaýjylara kömek edýär

Fewral 19, 2026 | 17:41 |4015
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň günortasyndaky Şençžen şäherinde jemgyýetçilik derejesinde mätäç ýaşaýjylara kömek etmäge gönükdirilen durnukly azyk paýlanyş ulgamy hereket edýär. Kärhanalar tarapyndan sowgat berlen artykmaç we howpsuz iýmit önümleri gaýtadan işlenilýär we söwda awtomatlary görnüşindäki elýeterli nokatlar arkaly paýlanylýar.

«Azyk banklary» ulgamy eýýäm 1300 günden gowrak — üç ýarym ýyldan bäri işläp gelýär. Öňünden hasaba alnan alyjylar azyk toplumyny bronlap bilerler we ony paýlaýyş nokadynda QR-kody okatmak arkaly alyp bilerler. Şeýle beketler Futýan etrabynyň köçelerinde ýerleşdirilip, sanitariýa gulluklarynyň işgärleri, ýeke ýaşaýan garrylar we maýyplygy bolan adamlar ýaly ilatyň ejiz gatlaklaryna goldaw berýär.

Bu ulgamy meýletinçiler topary goldaýar. Olar her gün hyzmatdaş kompaniýalardan iýmit önümlerini ýygnaýarlar, barlaýarlar, gaplaýarlar we soňra paýlaýyş nokatlaryna ýetirýärler. Zerur bolan ýagdaýynda önümler hereketi çäklendirilen ýaşaýjylaryň öýlerine eltilip hem berilýär. Bu işler hatda Hytaýyň iň uly maşgala baýramy bolan Bahar baýramy döwründe hem dowam edýär.

Bu işiň nusgasy ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we işewürligiň özara hyzmatdaşlygyna esaslanýar. Etrabyň degişli gulluklary kömege mätäçleriň sanawyny düzýärler, maglumatlar onlaýn bronlamak ulgamyna girizilýär, meýletinçiler bolsa önümleriň barlanylmagyny we paýlanmagyny üpjün edýärler. Agşam sagat 20:00-dan soň galan azyk toplumlaryny ähli ýaşaýjylar tölegsiz bronlap bilerler.

Soňky üç ýylyň içinde bu başlangyça 100-e golaý kompaniýa goşuldy. On sany etrapda ýerleşýän 22 sany paýlaýyş nokadynda 500 müňe golaý adam kömek aldy. Maksatnama takmynan 202 tonna azygy tygşytlamaga we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 404 tonnadan gowrak azaltmaga mümkinçilik berdi.

Futýan etrabynyň raýat işleri boýunça býurosynyň wekili Szen Szýawen:

— Biz adamlaryň arasynda-da, tutuş jemgyýetde-de hoşniýetliliginiň we mähirliliginiň ýaýraýandygyny görýäris. Bu ýagşylyk duýgusy şäheriň iň esasy häsiýetnamasy bolup biler – diýip aýtdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026