HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýada rekord derejedäki ýagyşlar 36 günläp yzly-yzyna dowam edýär

Fewral 19, 2026 | 09:00 |3879
Fransiýada ýagyşyň dowamlylygy boýunça täze rekord hasaba alyndy. Ýurtda ýagyş 36 günläp yzygiderli dowam edýär, bu bolsa meteorologik gözegçilikleriň bütin taryhynda iň uzak döwür boldyFransiýada ýagyşyň dowamlylygy boýunça täze rekord hasaba alyndy. Ýurtda ýagyş 36 günläp yzygiderli dowam edýär, bu bolsa meteorologik gözegçilikleriň bütin taryhynda iň uzak döwür boldy
Çeşme: belta.by

Fransiýada ýagyşyň dowamlylygy boýunça täze rekord hasaba alyndy. Ýurtda ýagyş 36 günläp yzygiderli dowam edýär, bu bolsa meteorologik gözegçilikleriň bütin taryhynda iň uzak döwür boldy.

Météo-France gullugynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýyldaky öňki rekord eýýäm yzda galdy. Bu ýylyň fewralyndaky ýagdaý 1959-njy ýyldan bäri iň tapawutly ýagdaý boldy. Käbir sebitlerde adaty mukdardan üç esse köp ýagyş we gar ýagdy we bu derýalardaky suwuň derejesiniň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Uzak dowam edýän güýçli ýagyşlar sebäpli ýurduň dört departamentinde iň ýokary, gyzyl derejeli gözegçlik yglan edildi. Bu Men we Luara, Deňiz boýundaky Şaranta, Žironda hem-de Lo we Garonna degişlidir. Derýalaryň joşmagy sebäpli ýene dokuz sebit hünärmenleriň güýçlendirilen gözegçiligi astyndadyr.

Hünärmenler ýurt boýunça saparlary bu howa şertlerini göz öňünde tutup meýilleşdirmegi we meteorologik gulluklaryň täzelenmelerini yzarlamagy maslahat berýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026